Dark
Light
12.01.2026
predstaviteli turkmenistana i rumynii THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan we Rumyniýa uniwersitetara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

05.12.2024

Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şihliýew iş saparynyň çäginde Rumyniýanyň Buharest Politehniki uniwersitetine baryp gördi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri habar berdi.

Politehniki uniwersitetiniň prorektory Horia Nekula rumyn uniwersitetiniň taryhy, gurluşy, akademiki we halkara işjeňligi barada jikme-jik gürrüň berdi we türkmen uniwersiteti bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak islegini bildirdi.

Duşuşygyň netijesinde taraplar kompýuter tehnologiýalary ugrundan “1+1” ulgamynda goşa diplom programmasyny işläp düzmek mümkinçiligini öwrenmegi, özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda işjeňligi güýçlendirmegi meýilleşdirdiler.

Mundan başga-da, Nurmuhammet Şihliýew Ploeşti Nebit-gaz uniwersitetine baryp gördi. Rumyn uniwersitetiniň rektory Alin Diniça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirdi we hyzmatdaşlygyň ugurlary hökmünde akademiki bilim, gözleg we ylym, talyplar we mugallymlar alyş-çalşygy, “Erasmus+” programmasyny belledi.

Netijede, taraplar iki uniwersitetiň arasynda özara düşünişmek baradaky memorandum gol çekmek, şeýle hem gyzyklanma bildirilýän mowzuklar boýunça bilelikdäki çäreleri, konferensiýalary we onlaýn leksiýalary alyş-çalşygy guramak arkaly ikitaraplaýyn aragatnaşyklary güýçlendirmegi öwrenmegi ylalaşdylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

predstaviteli turkmenitsna i omana THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistan we Oman hyzmatdaşlygyň ösmegini ara alyp maslahatlaşdylar

1dx 3324 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

BOMKA-10 Sebitleýin Seminar: Weterinariýa Gözegçiligi üçin Täsirli Töwekgelçilik Dolandyryşynyň Integrasiýasy

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop