Britaniýanyň Blue marine guramasynyň wekilleri Judith Braun we Linas Svolkinas Türkmenistana gelip, türkmen ekologlary bilen duşuşdylar we Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti habar berdi.
Myhmanlar Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöl, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyna baryp gördüler. Bilermenler türkmen hünärmenlerini Blue marine guramasynyň işi bilen tanyşdyrdylar we Hazar deňziniň derejesiniň üýtgemeginiň dinamikasyny öwrenmek boýunça tekliplerini aýtdylar.
Judith Braun we Linas Svolkinas Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylary bilen hem gepleşik geçirdiler. Blue marine guramasynyň wekilleri Hazar deňziniň kenaryndaky Balkan welaýatynda bolup, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna, Türkmenbaşy halkara deňiz portuna, tebigat muzeýine we Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň suw giňişligine baryp gördüler.
Geçirilen işleriň netijesinde taraplar mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler we indiki çäreleri meýilleşdirdiler.