Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji dekabrda Aşgabatda gurulýan 500 orunlyk Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkezine baryp gördi. Gahryman-Arkadagymyz bu lukmançylyk edarasynda birleşen intellektual derňew bölüminiň döredilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu bölümiň halkara talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi. Onuň işini gowulandyrmak üçin sanly tehnologiýalary bilýän we ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlan ýaş hünärmenleri saýlamak möhümdir. Olar hemişe innowasiýalary gözlemeli we bir wagtda öz işlerini ylym bilen utgaşdyrmalydyrlar.
Gahryman-Arkadagymyz ýaşlary intellektual bölüme saýlamakda daşary ýurt dillerini bilmeklerini göz öňünde tutmalydygyny nygtady, olar iňlis, nemes, ýapon, hytaý, koreý we rus dillerini bilmeli, şeýle hem öz bilimlerine we tejribelerine esaslanyp dogry karar kabul etmegi başarmalydyrlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, umuman, intellektual derňew bölüminiň dogry we takyk diagnoz goýmakda kömek etmelidigini aýtdy. Onuň pikiriçe, bejeriş çärelerini geçirmek üçin keseliň anyk maglumatyny almak zerurdyr, sebäbi maglumatlaryň ygtybarlylygy bejergini has ýokary derejede guramaga kömek edýär.