Dark
Light
03.01.2026
starejshiny otg THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy OTG ýaşulular geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi

01.12.2024

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýada geçirilen Türk döwletleriniň guramasynyň (OTG) ýaşulular geňeşiniň 16-njy mejlisine gatnaşdy. Gahryman-Arkadag parahatçylygy we ynamy berkitmäge gönükdirilen birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG Baş Assambleýasy tarapyndan Parahatçylyk we ynam ýyly diýlip yglan edilendigini belläp, ýaşulular geňeşiniň howandarlygynda bu ýörelgeleri öňe sürmek üçin halkara derejeli çäreleri guramagy teklip etdi.

Gahryman-Arkadagymyz ýaşulular geňeşi arkaly türk döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek we halkara gatnaşyklary giňeltmek üçin halk diplomatiýasynyň ähmiýetini nygtady. Ol geňeşiň jemgyýetçilik işleriniň dünýäde giňden beýan edilmeginiň, şol sanda degişli neşiriň döredilmeginiň, internet sahypasynyň açylmagynyň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar guramanyň agza ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we Aşgabatda geçirilen öňki mejlisiň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

b01b83a174 prezident turkmenistana THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanda 6-7-nji dekabr aralygynda halkara bilermenleriň duşuşygy geçiriler

55151515 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bütindünýä AIDS bilen göreş güni 2024

Soňkylar Habar

«FLEX» maksatnamasy Amerika okuwa çagyrýar!

31.12.2025
Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. «FLEX» ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeni maksatnamalar Býurosynyň medeni alyş-çalyş maksatnamasy bolup, Türkmenistanda Halkara bilim boýunça
GitTop