Dark
Light
28.12.2025
prezident turkmenistana prinjal uchastie v neformalnoj vstreche glav stran sng THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Prezidenti GDA sammitine gatnaşdy

28.12.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji dekabrda Moskwada Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda däp boýunça geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Duşuşyk “Igora” gyş sport oýunlary toplumynyň Buz köşgünde geçirildi.

Taraplar GDA-nyň şu ýylky işiniň netijelerini seljerdiler, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we geljek döwür üçin wezipeleri kesgitlediler. Şeýle hem gatnaşyjylar ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijilerini kanagatlanma bilen bellediler. Döwlet baştutanlary sebitleýin we global gün tertibiniň möhüm meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin GDA-nyň kärdeşlerini 2025-nji ýylda Moskwada Beýik Watançylyk urşunda Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Russiýanyň ýolbaşçysy agyr harby ýyllarda sowet halklarynyň frontda we tylda gahrymançylyk we edermenlik görkezenligini, bu öçmejek gahrymançylygyň Arkalaşygyň ýurtlarynda mukaddes hormatlanýandygyny nygtady.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

serdar berdymuhamedov i beglov THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Aleksandr Beglow bilen duşuşdy

den jerazmus pljus THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistanda Erasmus+ programmasynyň güni bellenildi

Soňkylar Habar

2026-njy ýylyň şygary we nyşany kesgitlenildi

27.12.2025
Bu barada 26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde aýdylyp, Mejlisiň Başlygy 2026-njy ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça ýerine
GitTop