Häzirki wagtda ýurdumyzyň kuwwatly elektroenergetikasynyň kemala gelmegini gazanmak, ony döwrebaplaşdyrmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmagyň we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň möhümdigine üns ýokarlanýar. Gurulýan döwrebap obalary, şäherçeleri we senagat toplumlaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar. Bularyň ählisi «ýaşyl» energetikanyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça taslamalaryň uly geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär.
Elektroenergetika pudagynyň aýrylmaz bir bölegi bolan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň hasabyna öndürilýän energiýany ýurdumyzyň howa şertlerini nazara alyp öwrenmek boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Şol ugurdan hem, öňdebaryjy Ýewropa döwletlerinde energiýany tygşytlamak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşynyň paýyny artdyrmakda gazanylan netijeleri öwrenmek hem-de professor-mugallymlaryň, ylmy işgärleriň hünär derjesini kämilleşdirmek, geljekde meýilleşdirilen işleri bilelikde ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Bileleşiginiň Aşgabatdaky Merkeziniň 2024-nji ýyl boýunça ylalaşylan meýilnamalaryň çäklerinde “Daşky gurşawy goramak üçin durnukly energiýa. Öňdebaryjy halkara tejribesini seljermek” atly halkara maslahaty geçirildi.
Halkara maslahata gatnaşyjylar institutyň Baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ylmy işleriň sergisi bilen tanyşdylar. Halkara maslahatda Polşa döwletinden, Gruzýa döwletinden, Latwiýa Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan halkara bilermenler gatnaşdylar. Halkara maslahatyň dowamynda ““Ýaşyl” energetikany ösdürmekde sebitleýin öňdebaryjy tejribe”; ““Ýaşyl” energiýany öndürmekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri: mümkinçilikler we meseleler”; “Ýaşyl” wodorod – geljegiň ýangyjy”; “Howanyň üýtgemegi we “ýaşyl” energetika”; “Wodorodyň ekologiýa we daşky gurşawa täsiri”; ““Ýaşyl” energetika: gün ýylylyk ulgamlary”; häzirki wagtda gurulýän we gurulmagy meýilleşdirilýän binalara “ýaşyl” sertifikatyň berilmeginiň şertleri hem-de mümkinçilikleri, täze gurulýan binalarda energiýa netijeliligi ýokary bolan tehnologiýalary ornaşdyrmagyň aýratynlyklary ýaly ylmy temalar boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. Çykyşlaryň dowamynda diňleýjiler tarapyndan uly gyzyklanma bildirilip, özara pikir we sorag-jogap alyşyldy.
Güniň ikinji ýarymynda halkara bilermenler tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen “Merkezi aziýada durnukly energiýa arabaglanşygy” atly okuw sapagy geçirildi. Soňra bolsa gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar gowşuruldy. Maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Baýramgeldi GYLYJOW
Türkmenistanyñ Döwlet energetika
institutynyñ talyby