Dark
Light
10.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Bagtyýarlygyň Halkara giňişligi

13.01.2025

     Gahryman Arkadagymyz türkmeni Garaşszylyk ýyllary içinde dünýä tanatdy. Her bir baýramçylyklarda milliligimize,taryhy çuňluklarymyza öz medeniýetimiziň hem-de sungatymyzyň üsti bilen sarpa goýmak,  türkmen halky öz mukaddes däp- dessurlaryny şu günki gün ýaş nesillerimize öwretmek usulllary bolsa, biziň başymyzy göge ýetirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen edilýän işler ýurdumyzyň her bir ýerinde medeniýete ugrukdyrylandyr. Haýsy halkyň medeniýeti dünýä hazynasynda şöhlelenýän bolsa, şol halkyň ruhy hem edil täzeligiň buşlukçysy kibi naşy hem- de müdimiligiň açaryny özünde saklaýar. Munuň özi bizi her daýym buýsandyrýar. Elbetde her bir adamyň beýleki adamdan üýtgeşik bolmaga bolan islegi tebigy hadysadyr we bu halklaryň arasynda- da şeýle bolup biler. Biz gündelik durmuşymyzdaky görýän,eşidýän we duýýan,başdan geçirýän zatlarymyzy bir günüň dowamynda- da ömrüň dowamynda-da söz bilen aňladýarys.Türkmen halkynyň millilige baý dessurlaryny bu günki gün dünýä halklary bilen birlikde geçirilýän halkara festiwallarda ehm- de simfoziumlarda üstünlikli görkezmäge mümkinçilik döreýär.

       Şeýle mümkinçilikler bolsa, halkymyzyň öz däp- dessuryna goýýan sarpasynyň belentdigini subut edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy nokatlar bu tapylgysyz topraklarda dünýäniň jahankeşdeleriniňdir, alymlarynyň aýlanmaga gelmek hem-de onuň köküni ýene-de bir gezek gözleri bilen görmäge gelmek usuly ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamy boýunça edilýän işleri hem has-da aýdyňlaşdyrýar. Taryhy çuň bolan beýik şäheriň barlygyny subut etmek, Altyndepe ýaly beýik medeniýetli ýurtlarda gabat gelen beýik siwilizasiýalaryň baglanşygy bolsa, bu günki taryhy nukdaýnazardan beýik işleriň sakasyny açýar.

Gahryman Arkadagymyz hem- de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen öz taryhymyza sarpa goýmak hem-de beýik medeniýetleri kemela getiren halk hökmünde türkmen halkynyň tanalmagy bolsa, Garaşsyzlygyň bize beren miwesidir. Suw adamlaryň durmuşynda iň esasy zatlaryň biri bolup,adamlar küýzeleredir, gap- gaçlara onuň şekilini geçiripdirler.

Müňýyllyklaryň dowamynda bolsa, şol ýerde wagtyň geçmegi bilen assimirlenip, täze bir siwilizasiýany, täze bir medeniýeti emele getiripdirler. Elbetde gadymy siwilizasiýalaryň, adamzat taryhy gatnaşyklarynyň bir – birek bilen özara baglanyşygynyň bolandygyny subut edýän tapyndylar esasy tapyndylar hem- de şol döwürde wajyp hasap – hesip ylmyny,ykdysadyýeti hem- de medeniýeti gülleden dostluklaryň bolandygyny hem subut edýän çaklamalar taryhçy alymlar tarapyndan subut edildi.

  Taryhy ýadygärliklerden çak edilişine görä, Änew medeniýetiniň özboluşly taryhy gadymy siwilizasiýalaryň mekany bolan şumerleriň ata – babalarynyň özara baglanşygy subut edýär. 1992 – nji ýylda geçirilen gazuw – agtaryş işleriniň netijesine görä, Marguşdan tapylan şykgy topjagazlar Goňurdepäniň diňe bir medeni merkez däl – de eýsem,ösen ykdysady merkez bolandygyny hem subut edýär. “Halkara parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýylynda” öz taryhymyzy has-da giňişleýin öwrenip, ýokary derejede netijeler gazanyp, halkymyzy ýene-de müňýyllyklara uzaýan halk hökmünde dünýäde tanatmaga öz goşandyny goşýan taryhçylarymyzyň hem buýsanjy bu ýyl has-da artýar. Çünki ýurdumyzyň, topragymyzyň taryhy ýaş nesillere görelde görkezmek üçin ýokary netijeli sapakdyr. Bu babatynda hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň kitaplary nusgadyr hem-de ýol görkezijidir.

Kümüş AÝDOGDYÝEWA
Mary welaýatynyň nebit we gaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

318 blog image water THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Adam bedeninde suwyň tutýan orny

glawny THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkara derejesinde taryhymyzy öwrenmek

Soňkylar Makalalar

Bedew batly ösüşleriň mekany

10.01.2026
Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýyllaryň atlary bolsa döwletli Diýarymyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
GitTop