Meýilnama maglumat merkezleri üçin ýörite zonalary döretmegi, olaryň gurluşygyny çaltlaşdyrmagy we tehnologiýa ugurlaryny saýlaýan uçurymlary goldamagy öz içine alýar.
Hökümetiň maglumatlaryna görä, AI doly ornaşdyrylmagy önümçiligi ýylda 1.5% ýokarlandyryp, 10 ýylyň dowamynda ykdysadyýete her ýyl 47 milliard funt sterling goşmaça girdeji getirip biler.
Ilkinji maglumat merkezi Oksfordşiriň Kalham şäherinde, Britaniýanyň Atom Energiýasy Agentliginiň ýerleşýän ýerinde gurular.
Britaniýa eýýäm ABŞ we Hytaýdan soň, AI bazarynda maýa goýumlar we patentler boýunça dünýäde üçünji orunda durýar. Şeýle-de bolsa, Starmeriň meýilnamalary ýurduň ornuny has işjeň çäreler, şol sanda “AI mümkinçilikleri boýunça hereket meýilnamasy” hasabatynyň ähli tekliplerini durmuşa geçirmek arkaly berkitmegi maksat edinýär.