Özbegistan, Daşkent – Buhara Inžener-tehnologiýa instituty we Buhara tebigy serişdeleri dolandyrmak instituty esasynda Buhara döwlet tehniki uniwersiteti dörediler.
Bu barada karara 24-nji ýanwarda prezident Şawkat Mirziýoýew gol çekdi.
Resminamada bu uniwersitetde nebit-gaz inženerligi ugrundaky öňdebaryjy inženerçilik mekdebiniň işiniň ýola goýuljakdygy aýdylýar.
Geljek okuw ýylyndan başlap, talyplaryň üstünliklerini we professor-mugallymlar düzüminiň işiniň netijeliligini halkara tejribesine esaslanyp bahalandyrmak ulgamy ornaşdyrylar.
Mundan başga-da, uniwersitetiň mugallymlary we doktorantlary ylmy tejribe we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerine we ylmy-barlag guramalaryna iberiler.
Uniwersitetiň senagat hyzmatdaşlary hökmünde iri önümçilik kärhanalary we guramalar berkidiler.
2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, bu ýokary okuw mekdebine akademiki, guramaçylyk we maliýe garaşsyzlygy berler.
Ýakynda häkimiýetler Nukusda, Buharada, Ferganada we Namanganda tehniki uniwersitetleriň döredilmegi boýunça taslamalary hödürlediler. Jemi respublikada 22 uniwersitet bolar, olar 35 ýokary okuw mekdebiniň birleşdirilmegi hasabyna dörediler.