Dark
Light
10.01.2026
evmq0tkjscaw6jcdk4fc5zylwtvatzbk3vagftybnvt0yyom9rqh1spi4rqf e1619527986928 THE ASHGABAT TIMES

Energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek

17.01.2025

Energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we täze ekologik standartlaryň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary alyşmak, öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlary satyn almak üçin maýadarlary çekmek, ekologik taýdan arassa önümçilikleri işe girizmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şunda ekologik talaplar milli ýangyç-energetika toplumynyň energetiki özgertmelerini kesgitleýän möhüm görkeziji bolup çykyş edýär. Ol talaplar ekoulgama aýawly çemeleşmek, innowasion ösüşiň binýady hökmünde “ýaşyl” tehnologiýalary ulanmak, daşky gurşawy geljek nesiller üçin gorap saklamak ýaly maksatlary özünde jemleýär.

Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi energiýanyň sarp edilişiniň has-da artmagyna sebäp bolýar. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni alýan az çykdajyly energiýa almak wezipesi wajyp ähmiýete eýedir. Ýurdumyz dünýä bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygynyň meselelerine çekmek arkaly soňky ýyllarda maksada okgunly halkara çäreleri amala aşyrýar, daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň çägindäki utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedi ýurdumyzda daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, “ýaşyl” energetika tehnologiýalaryna geçmek üçin energiýanyň arzan, ygtybarly, döwrebap gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň, ilkinji nobatda, ýel we Gün energetikasynyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň kämilleşdirilmegi we onuň halkara energiýa ulgamyna işjeň goşulyşmagy häzirki zaman, ekologik taýdan arassa tehnologiýalara, öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanýan uglewodorod baýlyklarynyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmak şertinde az çykdajyly energiýa serişdelerini öndürmäge çemeleşmeler uly ähmiýete eýe bolýar. 

Pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ählumumy parahatçylygyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine energetika howpsuzlygynyň, sebit we dünýä derejesinde durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegini şertlendirýär.

Orazmyrat BABAÝEW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

naranja destacada 1691238622mn0r9 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Pyrtykalyň Efir Ýagynyň Peýdaly Taraplary

70d95b388d4b225208cbe26d389c8fd0 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMENISTANDA ADAM HUKUKLARY  ULGAMYNYŇ ÇÄKLERINDE IŞ KESILEN RAÝATLARYŇ HUKUKLARYNY GORAMAGYNYŇ AÝRATYNLYKLARY

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
GitTop