Dark
Light
10.01.2026
271224 emblema 960x960 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistan ynanşmagyň we parahatçylygyň Watany

16.01.2025

Türkmenistanyň dünýä derejesinde parahatçylygy we ynanyşmagy öňe sürmek ugrundaky başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan iň soňky üstünlikleriniň biri hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolup durýar. Bu başlangyç diňe bir Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrman, eýsem, dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna aýratyn goşant goşýar.

2025-nji ýylyň nyşanynda hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan ýaşyl, dik ýokary ösýän, güýçli kökleri bolan, şahalary asmana ümzük atýan derek agajynyň ýerleşdirilmegi, Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy alamatlandyrýan baýdaklary, ganatlary bilen penalap uçup barýan ak reňkli laçynyň şekiliniň bolmagy, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilendigini aňladýan zeýtun baldajyklarynyň bolmagy oňa çuň manyly öwüşgin berýär.

Nyşanda Gahryman Arkadagymyzyň nesihatlaryndan ugur alnyp, ýaşyl reňk mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, gök reňk bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň alamaty hökmünde, türkmen laçynynyň bir ganaty ýaşyl reňkde, ikinjisi bolsa gök reňkde ýerine ýetirilipdir. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürýär.

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň halkara syýasatynda gazanan üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr. Bu başlangyç diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, bütin dünýä jemgyýetçiliginiň parahatçylykly we ynanyşykly geljege bolan ymtylyşyny görkezýär. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly hökmünde 2025-nji ýyl, dünýä halklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we dostlugyň täze sahypasyny açar. Türkmenistanyň bu başlangyjy, ähli adamzat üçin durnukly we bagtyýar geljegi üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ädimleriň biri bolup durýar.

Muhat TÄÇMYRADOW
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

shavkat mirzieev28 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Özbegistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny 35% azaldar

naranja destacada 1691238622mn0r9 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Pyrtykalyň Efir Ýagynyň Peýdaly Taraplary

Soňkylar Makalalar

Oba hojalygy: ösüş-özgerişler ýoly bilen

08.01.2026
Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny şanly taryhy wakalara, uly zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly

Be­den­ter­bi­ýe we sport ös­dü­ril­ýär

08.01.2026
Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik işler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň ösüşi ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde belent özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
GitTop