Dark
Light
03.01.2026
906a6e3694b5a556276e0991dfe7249ad1bcb5e6 THE ASHGABAT TIMES

Her ýerde bar bolan mikroplastik beýnide gan akymyny bökdemäge başardy

27.01.2025

Organizme düşenden soň, olar gan akymy arkaly dürli organlara, şol sanda beýnä hem düşüp bilerler. Alymlar iň kiçi plastik bölejikler bolan nanoplastigi beýniniň çişmegi we beýleki saglyk meseleleri bilen baglanyşdyrýarlar, ýöne birneme uly mikroplastigiň täsiri az öwrenildi.

Bu gözlegde alymlar dürli ululykdaky mikroplastigi ýaş erkek syçanlara girizip, onuň täsirini yzarladylar. Olar immun öýjükleriniň mikroplastigi siňdirip, onuň formasyny üýtgedip, beýniniň ownuk gan damarlarynyň dykylmagyna sebäp bolýandygyny anykladylar. 30 minutyň dowamynda syçanyň beýnisiniň käbir ýerlerinde gan akymy kynlaşdy.

Mikroplastigiň täsirinden soň, syçanlarda ýatkeşligiň, hereket ukyplarynyň we çydamlylygyň peselmegi hem synlandy. Käbir meseleler dört hepdeden soň gowulaşan hem bolsa, gan damarlarynyň dykylmagy dowam etdi.

Habar häsiýetli materiallar lukmanyň maslahatyna deňeşdirilip bilinmez. Karar kabul etmezden ozal hünärmen bilen maslahatlaşyň.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

0a49228f9c2cb432116946398edc84513bac6476 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

TikTok-yň ABŞ-daky ykbalyny indiki 30 günüň dowamynda çözerler

8d9e2c00224af794e4d5ac5aaadc4bac6b9255b0 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Android “näbelli” ýerlerde enjam sazlamalaryny bloklamaga başlady

Soňkylar Saglyk

Gök otlaryň saglyga peýdasy

08.12.2025
Lukmanlaryň maslahatyna görä, günüň dowamynda miweleriň we gök önümleriň hiç bolmanda 400 gramyny iýmelidir. Ilkinji nobatda bolsa ter gök otlary gündelik iýmit bilen ýanaşdyrmagy

Adam beýnisi ulalyp bilermi?

01.12.2025
Ählimize mälim bolşy ýaly, adam beýnisiniň ululygynyň artýandygy alymlar tarapyndan geçirilen täze gözlegleriň netijesinde-de ýüze çykaryldy. Aslynda, bu usulyň ýaşyň ýokarlanmagynyň netijesinde ýaş nesillerde
GitTop