Dark
Light
24.01.2026
dcba3f48e68ad91bef35e22a361b63cb 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

Milli mirasymyzyň ösüşi

30.01.2025

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň netijesinde häzirki wagtda ýurdumyzda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, baý medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde Diýarymyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň bilim almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýöriteleşdirilen mekdepleriň, oba medeniýet öýleriniň sany ýylyň-ýylyna artyp, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralar açylýar. Döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegine-de aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistan hyzmatdaşlygy ösdürmek, öz halkara abraýyny pugtalandyrmak maksady bilen, döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerini — pikirleri, maglumatlary, gymmatlyklary, däp-dessurlary we beýlekileri netijeli peýdalanýar. Bu bolsa halklaryň arasynda özara düşünişmäge ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň goldawlary esasynda häzirki zaman türkmen diliniň we edebiýatynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan şahyryň eserleri onlarça dile terjime edilip, çapdan çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu gün Türkmenistana ykbalyny halkyň ykbaly bilen baglanyşdyran şahyryň arzuwlan zamanasy geldi.

Maýsa NURÝAGDYÝEWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

emeli an THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Emeli aňyň ösmegi we täsiri

00112 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Культурный челлендж от Посольства Туркменистана в Бельгии: мир и доверие в каждом слове

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop