THE ASHGABAT TIMES

  Sanlaşdyrylan çözgüt

13.01.2025

           Nebit- gaz ulgamynyň sanaşmasy halkara çözgütlere giň ýol açýar. Ýurdumyzda sanly ulgam boýunça edilýän işler üznüksizdir. Şeýle ajaýyp görelde ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça geçirilýän işleriň  aýratynlyklaryny, şeýle- de dünýä ülüňlerine hemişe höküm sürmegini gazanmakda bilim ulgamynyň goşandy bolmagyny subut edýär. Ýaşlara terbiýe bermekde hem- de olaryň durmuşynda ýokary derejeli ösüşleri gazanmagyň ýollaryny bazar ykdysadyýeti bilen birlikde biziň durmuşymya gowy ornaşmak bilen bilrikde ýokary hilli netijeleri gazanmak üçin täze gözlegler edilmegi edil häzirki günde adamzadyň ýokary derejeli üstünliklerini yzarlamaga we şol üstünlikleriň hemrasy boljak adamzadyň durmuşynda täzelik döretmäge bolan höwesler häzriki zaman tygşytlylygyny hem- de öz baýlyklaryňa eýelik etmek şygary bilen birlikde Türkmenistany innowasiýon özgertmeler esasynda ösdürmek hem- de bu ösüşleriň sakasynda halkymyzyň ýaşaýyş wezipeleriň biridir.  Sebitleriň döwletleriniň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagyna, Sebäbi bu günki gün dünýäniň çar künjüne ýaýaran dost- doganly, parahatçylyk gatnaşyklarynyň özeninde nebit – gaz ulgamynyň sanlaşmasy esasy meseleleriň biri bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz dünýäniň dostana döwletleri bilen sanly nebit- gaz ulgamynyň ösüşlerini saglamakda , topragymyzyň baýlygy ilatyň ýaşaýyş derejesiniň mümkinçiliklerini artdyrmagy bilen baglanşykly işleriň ösüşlerinde ilkinji ýolgörkezijidir. Çünki türkmen topragy öz baýlyklarynyň ilkinji naýbaşysynyň nebit – gaz önümleri bolmagy bilen bellidir. Bu günki gün ýurtda ykdysady üpjünçiligi saklamak we şol üpjünçilik esasyndaýokary görkezijilikli ykdysady ösüşleri üçin edilýän işleriň jemi ýokary derejelidir.Ykdysady ösüşiň iki görnüşi – de özara baglanyşyklydyr.Emma jemgyýetçilik önümçiliginiň ösüşiniň belli bir bolsun, şol ykdysady netijä hiç kimiň batyrynyp bilmeýändigi bolsa bu günki gün iş resminamalarynyň sanly ulgama geçirilmegi bilen subut edildi. Dünýäniň islendik nokadyndan internet ulgamy arkaly sargytlary ýerine ýetirip, ulag üpjünçiliginiň üsti bilen getirmäge mümkinçilik bar. Ýurdumyzyň nebit we gaz ulgamynda bolup geçýän täzelikler halkymyzyň bagtyýar gelejegine tarap ädimleriň iň naýbaşylarynyň biridir.

Her bir döwletiň derejesine çenli ilkinji kiçi nokatlarda ulanylan görkeziji öz ornuny durmuşa ornaşdyrýança gaty köp ýoly geçdi. Her bir adamyň dünýägaraýyşyny artdyrmaga kömek edýän döretmek üçin ähli ulgamlaryň bir hatarda sanly ulgama geçmegini gazanmak esasy her bir döwletiň häzirki tehnologiýalaryň ösen zamanynda esasy borjyuna öwrüldi. Şeýlelikde ykdysady görkezijiniň ýokarlandyrylmagy bilen tehnikalar zamanasynyň şertli iş ýerlerini döredilmeginde hem munuň örän uly täsiriniň bardygyny bilmek bolýar.Şeýle dostana gatnaşyklarda ýüze çykýan ýokary derejeli ykdysady girdeýjileriň sanlaşdyrylan düzgünleri bilen dünýäniň çar künjüne uzaýan diýarymyzyň dostlukly ykdysady goly hemişe öz şahalaryny ýaýratmakda, dünýä meşhurlygyny artdyrmakda ýaşlar üçin buýsançlydyr. Işjeňligiň artmasy hem – de şol işjeňligiň ýurdumyzy ösdürmek üçin edilen işlerde iň bir uly direg bolup durýan ykdyady netijelere daýanmagy bolsa, bu günki gün has ýokary netijäni gazanmaga mümkinçilik döredýär. Munuň özi islendik jemgyýet üçin kanunalaýyklykdyr.

Ykdysady ösüş  jemgyýetçilik önüminiň we ony öndürmekligiň şertleriniň mukdar taýdan köpelmegine we hil taýdan kämilleşmegine düşünilýär. Ykdysady ösüş ekstensiw ýa- da intensiw görnüşde bolup biler Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň mukdar taýdan artdyrylmagy esasynda amala aşyrylsa ekstensiw ykdysady ösüş. Önümçiligiň ösüşi işgärleriň sanynyň köpeldilmeginiň hasabyna, çig malyň, materiallaryň, energetiki resurslaryň dolanyşyga goşmaça girizilmeginiň, täze

 Tejribe arkaly sanlara seredileninde, sanly ykdysadyýetiň esasy ugurlary bolup durýan hyzmatdaşlyk , şeýle – de döwletara gatnaşyklaryň esasy özenini öz içine alýan ykdysady hem – de medeni, syýasy hem – de beýleki ulgamlaryň ähliumumy bir sistema geçmesi sanly ykdysadyýetiň bu günki gün biziň durmuşymyzyň esasy orny tutýandygynyň alamaty hökmünde öňe çykýar. Sanly ulgamyň internet tory arkaly hyzmatlar bu günki gün biziň durmuşymyzda hiç aýryp bolmajak wajyplyga öwrüldi.bu bolsa, biziň ykdysady ugurlarymyzda hem ýatdan çykmajak üstünliklere ýetmäge mümkinçilik döredýär. Kämil hem- de ösüşde bolan dünýä standartyna laýyk edilip ornaşdyrylmak meselesinde ilkinjileriň hataryna geçirdi.  Türkmen diýarymyz dünýäde halkara abraýyny artdyrmasyny dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde ykdysady toplumlarda hem bolup geçýän täzelikler türkmen diýarynyň ykdysady üstünlikleriniň naýbaşysy bolan nebit we gaz ulgamy – da dünýä ykdysadyýetinde halkara abraýa eýe bolýar.

      Häzirki döwürde sanly ykdysadyýetiň bu ösüşlerdäki orny bahasyna ýetip bolmajak mümkiçilikleri  giňeltmegi bizi bu ulgamyň hünärmeni hökmünde buýsandyrýar. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlarynyň dünýä ýaýramagy bolsa, halkara abraýyny artdyrýan bu ulgam- da edilýän işleriň mazmunyny tassyklaýar.  Milli ykdysady üstünliklerde belläp geçmeli zatlaryň biri dünýäniň çar künjüne uzaýan dostlukly ykdysady golumyzyň suwuklandyrylan gazy we nebiti dostlukly gol ýaýratmasynda iň ýokary islegi bolan adamzadyň ykdysady ösüş derjesini kämil ýagdaýa getirmek bilen gelejekki nesilleriň bol- elin durmuşda ýaşap, hakykatdan hem ylymly, bilimli admalar bolup ýetişmegini gazanmak hem-de şol işleriň ugry bilen dünýäniň çar künji bilen ykdysady birlige girmek, onuň hem sanlaşma arkaly çözüwi bu günki gün tejribesi ýetik hünärmenleri talap edýär. Nebit- gaz ulgamynyň sanlaşdyrylmasy bolsa, bu ugurda edilen işleriň iň naýbaşysydyr diýmek bolar. Biz bolsa, öz okuw jaýymyzda talyp ýaşlara bu ugurdan tejribelerini artdyrmak bilen bilelikde häzirki zaman ösen islegi bolan adamzadyň gelejekki durmuşynda has gowy işleriň ýüze çykmagyny gazanmak, ýurudmyzyň ösüşlerinde talyp ýaşlaryň hem işleriniň bolmagyny gazanmak ugurlaryny ýola goýýarys.

Merkezi Aziýanyň we Hazar deňzi sebitiniň ähli ýurtlary üçin strategik ähmiýete eýedir. Taslamanyň öse3n ykdysady ugurlary düzmekde ýola goýulmagy hem- de muny ösen tejrbelerden ugur alyp, ýüze çykarylmagy häzirki zaman sanlaşdyrma durmuşynda ýaş hünärmenlere has-da ýoakry derejeli abraýlar gazanmaga mümkinçilik döredýär. Her ýerde şeýle eşretli zaman üçin zähmet çekýän nebitçileriň hem- de beýleki pudaklaryň ykdysady düzgünnamasyny ýerine ýetirýän pudaklaryň häzirki zaman ösen ugurlary bellemegi bu günki gün biziň ýaş hünärmenlerimizi, talyp ýaşlarymyzy buýsandyrýar. Munuň bolsa, ýurdumyzy üçin netijeliligi ýokarydyr. Dogrusy diýarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda alyp barýan işleriniň netijesinde  ilaty ykdysady taýdan üpjün ýaşatmak şertlerinde görelde bolmagyny dowam etdirýär. Türkmenistan diýarymyzyň ýaşyl baýdagy döwrümiziň depesinde parlap, häzirki zaman ösen ykdysady ugurlarda ilkinjiligi gazanmagy bilen bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýoakry derejeler gazanmakda abraýa eýedir. Munuň bolsa, ýurdumyzy üçin netijeliligi ýokarydyr. Şeýle mümükinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň görkezen ak ýoly bilen hem-de Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen edilýän bu halk bähbitler hemişe rowaçlyklara beslenýär.

Mahym BÄŞIMOWA
Mary welaýatynyň nebit we gaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
1:47 pm, Feb 22, 2025
temperature icon 2°C
пасмурно
Humidity 100 %
Pressure 1023 mb
Wind 18 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 100%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 7:48 am
Sunset Sunset: 6:52 pm
606afa7c5b81e731717354 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanlaşdyrylan  ösüşler

fjfjkjfk THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Dubaýda estonýaly darbaz iki gökdiräniň arasynda ýüpden ýöräp geçdi

Soňkylar Makalalar

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

21.02.2025
Türkmen medeniýetinde toýlar aýratyn ähmiýete eýe bolup, gelin gyzlaryň şaý-sepleri toýuň iň gözelligi we täsin bezegleriniň biridir. Şaý-sepler diňe bir bezeg däl, eýsem medeni

Ynsan ösüşiniň esasy çeşmesi

21.02.2025
Bilim, adamzadyň intellektual, ruhy we fiziki ösüşiniň möhüm bir bölegidir. Bilim, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumatyň çeşmesidir we jemgyýetleriň ösüşinde möhüm rol

 Maglumatlaryň we Sungatyň Hazynasy

21.02.2025
Kitaplar, adamzat taryhynda iň gymmatly we täsirli maglumat çeşmelerinden biri bolup, bilim, medeniýet, we döredijiligiň ornaşdyrylmagynda möhüm rol oýnaýar. Kitaplar dürli mazmunlary, temalary we

Adamzadyň akyl ulgamy

21.02.2025
Düşler, adamzadyň akyl ulgamynyň örän gymmatly we şüweleňli bir bölegidir. Düşler adama aň, duýgy we tebigat barada çuňňur düşünje berýär. Düşler diňe bir ýatanda

Tebigatyň Gözelligi we Janlanmasy

21.02.2025
Ýurdumyzda bag – bossanlyk tebigatyň janlanmasyny, gözelligini we adamlaryň durmuşyna sazlaşyk getirmek üçin döredilen aýratyn mekandır. Baglar, tebigatyň dürli görnüşleriniň we ösümlikleriniň jemlenýän ýerleri
GitTop