606afa7c5b81e731717354 THE ASHGABAT TIMES

Sanlaşdyrylan  ösüşler

13.01.2025

       Ýurdumyzda her ýyl ösüşler öz ornuny tapýar. Bu ýyl hem “Halkara Parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýylynda” milli ykdysadyýetimiziň altyn hazynasy bolan nebit we gaz ulgamy bilen baglanşykly sanlaşdyrylan halkara üstünlikler ýylyň başyndan ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde öz ornuny tapyp başlady. Halkara nebit- gaz sanly köpri häzirki zaman tehnologik dünýäsinde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak bilen bir hatarda ýurdumyzda ykdysady görkezijiligiň hem hoşniýetli gatnaşyklaryny, halkymyzyň bol- elin durmuşda ýaşamagyny saglamaga aýdyň ýol açýar. Munuň özi asyrlar boýy taryhy ýollar bilen dünýä syýahatçylygyndaky ýüpek ýolunyň biziň topragymyzy dünýä taryhçylaryna tanatmagy bilen bir hatarda häzirki döwürde nebit we gaz ulgamynyň sanly ösüşiniň ornuny tutandygy bilen düşündirmek bolar. Çünki bu günki gün zerurlygyny artdyrýan sanly ulgamyň görkezijisi biziň durmuşymyza barha we barha ornaşyp barýandygyny subut etmäge biz islendik mysalda mümkinçilik tapýarys. Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmeginde merkezleşen köp işler logistik dünýägaraýyş bilen ösýär we häzirki döwürde dünýäniň çar künjünden habar almaga, tiz işlemäge we ykdysady çykdaýjylaryň sanynyň azalmagyna mümkinçilik döredýär.

Türkmenistan Diýarymyz Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşmek bilen ykdysady ösüşlere öz goşandyny goşýan deňiz ugurlarynda hem ýokary netijeliligi gazanýar. Diýarymyzyň ykdysady ösüşinde deňziň täsiri güýçlidir. Munuň özi deňizden çykarylýan baýlyklarymyz bilen birlikde dünýäniň çar tarapyna uzaýan Hazar logistik halkanyň hem merkezi nokatlarynyň biridir.                                  

Nebit we gaz ulgamy- da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzyň nebit we gaz käni çykýan ýerlerinden alnan önümiň bahasy has-da artyp , beýik ykdysady ädimleri ätleýär. Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlarynyň dünýä ýaýramagy bolsa, halkara tarapy bu işlerde ýokary netije gazanylmagyny öňräkden bäri saglaýar. Ýurdumyzyň ykdysady ugurlarynyň gün geldikçe ösmegi bilen bilrikde biziň türkmen topragymyzyň umumy taryhy çeşmelerde bellenip geçilýär. Nebit gaz ulgamynda komputerler bilen baglanşykly işleri amala aşyrmakda edilýän işleriň has ýokarlandyrmagy bolsa, bizi ýaş nesil hökmünde öňkülerden has ösmegi bizi hünärmenler hökmünde buýsandyrýar hem-de ýaş hünärmenleri terbiýelemekde uly işler alyp barmaga mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýoly bilen halkara gatnaşyklarynda ýurudmyzyň abraýyny ýokary götermekde döredilýän mmükinçilklerde paýymyzyň bardygy buýsandyrýar.

Bu ýyl “Halkara parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýylynda” biziň ýurdumyzda öňkilerden hem has güýçli depginde ýokary göteriljek abraýlar, ösüşler nebit- gaz ulgamy bilen bir hatarda milli ykdysadyýetimiziň derejsini beýgeltmekde doly mümkinçilikler döredilmegine ýol açýar. Munuň özi bolsa, halkara parahatçylyk ýylynda ediljek işleriň ilkinji nobatda sanlaşdyrylan we abraýy öňküsinden hem artýan nebit we gaz ulgamynyň mümkinçilikleriniň beýanydyr. Dost- doganlyk gatnaşyklary bilen bir hatarda ykdysady reformalaryň hem geçirilmesi bu günki gün biziň durmuşymyzy tehnologiýalaryň gurşap alandygyny aňladýar. Bu bolsa biziň ýurdumyzda nebit we gaz ugry boýunça sanlaşdyrylan nokatlaryň halkara abraýyny artdyrýar.

 Munuň özi bereketli topragymyzda ýaşaýn gün geldikçe öz ösüşlerinde ýokary hilli netije gazanýan halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşýar.  Sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwuklandyrylan gaz ýüklenen demir ýol wagonlarynyň dünýä ýaýramagy bolsa, halkara abraýyny artdyrýan bu ulgam-da edilýän işleriň  komputer tehnologiýasynyň gazananlaryny durmuşa geçirmekde , şeýle hem häzirki zaman işewürlik proseslerini durmuşa ornaşdyrmakda komputerleri iň bir uly hyzmat beriji gural hökmünde ulanýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylbirnäçe işleriň nebit we gaz pudaklarynda amala aşyrylmagy biziň buýsanjymyzy öňküsinden hem artdyrdy. Şol bir wagtyň özünde ykdysady toplumlarda hem bolup geçýän täzelikler türkmen diýarynyň ykdysady üstünlikleriniň naýbaşysy bolan  nebit we gaz ulgamy- da dünýä ykdysadyýetinde halkara abraýa eýe bolýar.  Häzirki döwürde sanly ykdysadyýetiň bu ösüşlerdäki orny bahasyna ýetip bolmajak mümkiçilikleri  giňeltmegi bizi bu ulgamyň hünärmeni hökmünde buýsandyrýar. Nebit we gaz ulgamy- da bu ugurda kesgitlenen işleriň ählisinde üstünliklere eýe boldy. Biziň halkymyz gadymy döwürlerden bäri bir- birege goňşuçylyk gatnaşyklarynda kömek etmek, ýardam bermek hem-de bir-birek bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmak esasynda ýaşaýar.

Türkmen halky hem goňşy döwletler bilen halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen birlikde, ynsanperwer we hoşniýetlilik gatnaşyklarynda hem dünýä ýüzüne görelde görkezýär. Nebit –gaz ulgamynda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de ilerlemesinde tehnologiýalar häzirki döwürde goňşuçylyk gatnaşyklarynda bir- biregi goldamak we bir –birege sarpa goýmak endikleri türkmen halkynyň ganynda bar. Ösüşleriň arasynda  kompýuterleşdirilen üstünlikleri bolan dürli enjamlar, hyzmatlar, öý we beýleki ýerler kompýuterleriň kömegi bilen düýbünden başga bir görnüşli işe geçip gitdi.  Hazarýaka mümkinçilikleri giňeltmäge taýýar bolmagy kuwwatly gelejegi  ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň uly -ykdysady, energetika we ulag- aragatnaşyk ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bizi ýaş nesil hökmünde öňkülerden hem has uly üstünliklere ýetmäge mümkinçilik döredýär. Biziň halkymyz ýola goýmak esasynda ýaşaýar.

Türkmen halky hem goňşy döwletler gaýragoýulmasyz meseleleriniň içinde nebit we gaz ulgamy boýunça edilýän işler ýurdumyzda halkyň maddy şertlerini gowulandyrmak üçin dünýä möçberinde sarp edilýän, birnäçe iri halkara we sebit derejesindäki taslamalaryň başyny başlamagy dünýä arenasynda onuň abraýynyň ýokarydygy bilen düşündirilýär. Dostana döwlet  halkara nebit we gaz kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen bäsleşýärler. Nebit we gaz ulgamynda komputer tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bu ugurda zähmet çekýän raýatlaryň işlerini ýeňilldirdi we ýaş nesle goltgy boldy. Ykdysady ösüş ekstensiw ýa-da intensiw görnüşde bolup biler Önümçiligiň ösüşi onuň şertleriniň mukdar taýdan artdyrylmagy esasynda amala aşyrylsa işleriň mundan beýläk-de ilerlemesinde gahryman Arkadagymyzyň görelde ,  direg bolup durýan ykdyady netijelere daýanmagy bolsa, bu günki gün has ýokary netijäni gazanmaga mümkinçilik döredýär. Biziň ýurdumyzda ata- baba gelýän däp- dessurlaryň biridir we ýokary okuw mekdeplerde bilimleriň täze ugurlar bilen kuwwata eýe bolmak bilen, birnäçe iri halkara we sebit häzirki döwürde il, halk ähmiýetli, döwlet bähbitli işleriň geçirilmegi bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlaryndan ugur alýan Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuş- ykdysady şertlerini gowulandyrmak üçin edýän işleriniň iň esasylarynyň biridir.

Mamajan ATAÝEWA
Mary welaýatynyň nebit we gaz orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
3:08 pm, Jan 14, 2025
temperature icon 12°C
облачно с прояснениями
Humidity 50 %
Pressure 1024 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 8:21 am
Sunset Sunset: 6:09 pm
glawny THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara derejesinde taryhymyzy öwrenmek

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

  Sanlaşdyrylan çözgüt

Soňkylar Habar

Türkmenistanda sanly hyzmatlaryň gerimi giňeldildi

11.01.2025
“Türkmentelekom” sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltdi. Operatory müşderilere hosting ulgamynda toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär: wirtual bagyşlanan serwerler (Virtual dedicated server), fiziki serwerler (Dedicated) we kolokasiýa hyzmatlary
GitTop