2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kristofer Daggandan Ynanç hatyny kabul etdi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda Ilçi Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurdumyzda maksatnamalaýyn amala aşyrylýan işler hem-de milli Parlamentiň düzümi bilen tanyşdyryldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakyndaky özara pikir alyşmalaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.