Aşgabat, Türkmenistan – Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti (Türkmenstat) Milli hasaplar ulgamynyň (MHU) täzelenen wersiýasyna laýyklykda statistiki hasabat ulgamyny kämilleşdirmekde ýene bir möhüm ädim ätdi.
Bu üstünlik, Türkmenstatyň halkara hyzmatdaşlary, şol sanda BMGÖM bilen Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça tagallalary netijesinde mümkin boldy. BMGÖM bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde döwlet klassifikatorlaryny we maliýe, bank we ätiýaçlandyryş işi, ylym we syýahatçylyk ýaly esasy pudaklary öz içine alýan täze usullar işlenip düzüldi we ornaşdyryldy. Şeýle hem esasy serişdeleri sarp etmegiň hasaplamalaryna çemeleşmeler ornaşdyryldy we statistika ulgamynyň işgärleriniň mümkinçilikleri ep-esli güýçlendirildi.
“BMGÖM, Türkmenistanyň hökümetiniň milli hasaplar ulgamynyň täzelenen wersiýasyna esaslanýan statistiki hasabatlary ornaşdyrmak baradaky teklibini makullamagyny gutlaýar we ýurtda döwrebap we toplumlaýyn statistika ulgamyny döretmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny beýan edýär” diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Narine Saakýan belledi.