2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly intellektual bäsleşiginiň IV möwsüminiň IV saýlama oýny geçirildi. Bu bäsleşik ýokary okuw mekdebi we onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan gurnaldy.
Bäsleşik, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» diýen şygar astynda geçirildi. Möwsümiň IV oýny «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy: milli we umumadamzat mirasynyň birleşdiriji güýji hereketde» diýen tema boýunça geçirildi.
Oýunda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, Balkan, Mary, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň orta mekdepleriniň 11-12-nji synplarynyň okuwçylary gatnaşdy. Eminler toparyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy Perhat Çaryýew, Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy Begenç Garaýew, we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Güljeren Garaýewa girizildi.
Dartgynly oýnuň netijesinde, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 90-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Gülşat Meredowa we Arkadag şäherindäki 4-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Jemal Hallyýewa ýeňiji diýlip yglan edildi. Bu okuwçylar IV möwsümiň ýarym finalçylarynyň hataryna goşuldylar.
Ýeňijilere we oýna gatnaşyjylara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Milli Ýaý atyjylyk federasiýasynyň sowgatlary gowşuryldy. «Miras» milli teleýaýlymynda IV oýnuň geçişi ýakyn günlerde görkeziler.