Hanym Çinwe Ogbonna UNFPA-nyň Gazagystandaky Ýurt boýunça wekili hem-de Türkmenistandaky we Gyrgyzystandaky Ýurt boýunça direktory wezipesinde 2025-nji ýylyň 27 nji ýanwarynda resmi ýagdaýda işe başlady.
Hanym Ogbonna uýgunlaşmak liderliginde, hökümetara gatnaşyklarda we uly möçberli netijelere ýetmek üçin strategik hyzmatdaşlykda global, sebit we milli derejelerde 20 ýyldan gowrak tejribä eýedir. Ol ylmy derňewlere we çaklaýyş pikirlenmä esaslanýan strategiýalary ulanmak bilen, häzirki we geljekki nesilleriň zerurlyklaryna guramanyň hereketleriniň jogap bermegine gönükdirilen netijeli dolandyryşy üpjün edýär. Ol aýallaryň, ýetginjek gyzlaryň we ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün etmek üçin köp pudakly maýa goýumlarynyň tizleşdirilmelidigini we giňeldilmegini işjeň goldaýar.
Bu wezipä bellenilmezinden öň, hanym Ogbonna UNFPA-nyň Gündogar we Günorta Afrika boýunça sebit edarasynyň (ESARO) Sebit müdiriniň orunbasary, UNFPA-nyň Eritreýadaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy w.w.ý.ý., UNFPA ESARO-nyň orta girdejili ýurtlar üçin tehniki merkeziniň ýolbaşçysy wezipelerinde işledi. Mundan başga-da, ol UNFPA-da dürli wezipelerde, şol sanda UNFPA Zambiýadaky wekilhanasynda Ýurt boýunça wekiliň orunbasary, şeýle hem UNFPA-nyň Nigeriýadaky wekilhanasynda Ýerine ýetiriji wekil, saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmek boýunça hünärmen we saglygy goraýyş ykdysadyýeti boýunça maksatnama hünärmeni wezipelerinde işledi. UNFPA-da işlemezinden öň hanym Ogbonna Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Efiopiýadaky edarasynda ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi (US Center for Disease Control – CDC) tarapyndan iberilen wekil hökmünde, Maşgala saglygy goraýşy halkara guramasynda (Family Health International – FHI), ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginde (USAID) we Nigeriýa hökümetinde işledi.
Hanym Ogbonna Nigeriýanyň raýaty bolup, onuň aşakda görkezilen bilim derejeleri bar:
- Farmasewtika ugrunda ýokary bilim,
- London Gigiýena we tropiki lukmançylyk ýokary mekdebi – Saglygy goraýyş ulgamlaryny dolandyrmak ugry boýunça magistr derejesi,
- London uniwersiteti – Saglygy goraýyş ykdysadyýeti we maliýeleşdirilşi ugry boýunça magistr derejesi.
Ol şeýle-de Edinburgdaky Queen Margaret uniwersitetinde saglygy goraýyş ykdysadyýeti boýunça we Waşingtondaky Bütindünýä bankynyň institutynda ösüp barýan bazar ykdysadyýetli ýurtlarda durnukly maliýeleşdirme ugurlary boýunça goşmaça hünärlere eýedir. Hanym Ogbonna 2013-nji ýylyň Rokfeller gaznasynyň (durmuş innowasiýasynda global liderlik maksatnamasy) stipendiýasynyň hem eýesidir. Ol Afrikanyň hünärmenleriniň saglygy goraýyş ykdysadyýeti we syýasaty boýunça jemgyýetine işjeň gatnaşýar we maýa goýumlaryň dikeldilmegine getirýän özgertmeli hereketler üçin strategik hyzmatdaşlygyň ösmegine ýardam berýär.