Watanyñ geljegi nurana ýaşlar!

Watanyñ geljegi nurana ýaşlar!

09.01.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kämil nesilleri kemala getirmekde ýaşlaryň alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr.

Ýaşlary watansöýüji, zähmetsöýer, milli däp-dessurlarymyza ygrarly, ýokary derejeli ylym-bilimli hünärmenler edip terbiýeläp ýetişdirmek esasy ýörelgeleriñ biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde, ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan biz ýaşlaryň kämil bilim almagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip belleýär. Munuň özi ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çuňňur mazmunyny açyp görkezýär.

Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Geçen ýyl Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa ýurdumyzda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek babatda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller bilen yzygiderli duşuşyp, olaryň geljekki ykbaly bilen gyzyklanmagy, arzuw-isleglerini diňläp, gymmatly öwüt-nesihatlaryny bermegi röwşen geljegimiziň ösüşlere beslenmegidir. Mähriban Arkadagymyzyň  mekdep okuwçylaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirýän umumy sapagy biziň her birimiz üçin beýik ýörelgedir. Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Ýaşlara gutlag», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýaly beýik eserleri, bagtyýar türkmen ýaşlary bilen geçirýän duşuşyklarynda, okuw sapaklarynda berýän öwüt-nesihatlary, taryhy çykyşlary bize rowaç menzillere ýetmekde iň kämil, iň nurana ýollary salgy berýär.

Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze başlangyçlary biz ýaşlary beýik maksatlara, zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Watan mukaddesligi üçin berjaý edilýän işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri biz ýaşlaryň durmuşyna aýratyn röwüş çaýýar. Bagtyýar ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ beýik ynsanperwer işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapýar.

Ýaşlarda röwşen geljegi görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  belleýşi ýaly, ata Watanymyzda kämil, giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlygy bolan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli tagallalar edilýär. Munuň özi ýaşlara bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar barada edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr. Mekdep okuwçylarydyr, talyp ýaşlaryň ýurdumyzyň çäginde we halkara derejesindäki dürli ders bäsleşiklerine gatnaşyp, gazanýan guwandyryjy netijeleri gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gurbanbibi KAKABAÝEWA
Türkmenistanyñ Döwlet Medeni merkeziniñ
Döwlet muzeýiniñ esasy terjimeçisi

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
gettyimages 862457080 e1677191091358 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Autism keseliniň dünýä boýunça ýaýramagy

Мошенники ограбили Apple на $152 000
Next Story

Apple-iň $152,000 ogurlandy

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop

Don't Miss