Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby özara düşünişmek, intellektual we akademiki alyş-çalyş maksatnamasynyň (MIRAI) çäginde Ýaponiýada “Kanunyň hökmürowanlygy” ugry boýunça gysga möhletleýin tejribe geçdi. Bu barada Türkmenistanyň bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Maksatnama gatnaşyjylary Ýaponiýanyň hukuk we bilim ulgamlary, medeniýeti, sungaty, taryhy ýerleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Sapaklar bu ugurda ýokary bilimli hünärmenler tarapyndan geçirildi.
Mundan başga-da, kursa Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Azerbaýjan, Ermenistan we Gruziýa ýaly ýurtlaryň hukuk fakultetleriniň talyplary, magistrantlary we hukuk hünärmenleri gatnaşdylar.