Dark
Light
29.12.2025
20250106 150446 scaled THE ASHGABAT TIMES

Ýaşlar hakynda alada ösüşli menzillerde

06.01.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ata Watanymyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar amala aşyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar— Watanyň daýanjy» atly ýiti zehininden,  jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitabynda hem ýaşlaryň ähli ugurlarda öňdebaryjy, göreldeli bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän tagallalar dogrusynda örän jaýdar bellenilýär.

20250106 150610 THE ASHGABAT TIMES

Şu parasatly başlangyçlardan ugur alnyp ýurdumyzda terbiýeli, edermen,  ylym-bilimden ýüki ýetik, Watana gerekli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetimizde «IUHD HUB» atly täze zolak döredildi. Bu zolakda talyp ýaşlaryň okuwdan boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen giň mümkinçilikler döredilendir. Şolaryň hatarynda okalga, döredijilik, sanly ulgam we dynç alyş zolaklaryny görkezmek bolar. Bu zolaga gelýän talyp ýaşlar dürli dillerde neşir edilen ajaýyp çeper we publisistik eserleri okamaga, döredijilik bilen meşgullanmaga, iň kämil multimedia enjamlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik gazanýarlar.

20250106 150530 THE ASHGABAT TIMES

Gahryman Arkadagymyzyň «Öňde goýlan belent maksatlary durmuşa geçirmekde men esasy umydy  ýaşlarymyza baglaýaryn. Sebäbi ýaş nesiller biziň ähli umyt-arzuwlarymyzy geljekde amala aşyrmaly. Biziň häzirki döwürde amala aşyrýan işlerimiz ýaşlarymyz üçin edilýär. Olaryň köpüsi Garaşsyz Watanymyz bilen ýaşytdaş. Ýakyn wagtda olar eziz Diýarymyzyň kämil raýatlary bolarlar, biziň bellän wezipelerimizi işjeň durmuşa geçirmäge gatnaşarlar. Şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň geljekki ösüş ýoluny olar kesgitlemelidir» diýip belleýşi ýaly, biziň ýaşlarymyza ynamymyz uly. Olaryň döwre, Watana gerekli ynsanlar bolup ýetişmekleri bolsa biziň ýokary okuw mekdebimizde alnyp barylýan her bir işde aýdyň duýulýar. Professor mugallymlar talyplaryň öz hünärine ussat, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Olaryň boş wagtlaryny netijeli we peýdaly geçirmekleri üçin hem birnäçe gurnaklary, ders hepdeliklerini yzygiderli geçirip, talyp ýaşlar bilen ýakyn aragatnaşykda bolýarlar.

20250106 152015 THE ASHGABAT TIMES

Türkmen halkyna asuda, parahat durmuşda ýaşamaga, ýaşlara okamaga, öwrenmäge, hünärlerini kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.

Gözel PIRMUHAMEDOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Žurnalistika kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

social media networks THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Sanly asyryň ýolunda

iuhd hub THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «IUHD HUB» atly täze zolak döredildi

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop