Dark
Light
07.01.2026
foto so vstrechi scaled THE ASHGABAT TIMES

“Ýaşyl howa gaznasy üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça taslamalaryň täzelenen düşünjeleriniň tanyşdyrylyşy”

22.01.2025

2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabatdaky BMG-niň binasynda BMG-niň Türkmenistandaky ösüş maksatnamasynyň çäginde “Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamasyny ösdürmek” taslamasynyň çäginde “Ýaşyl howa gaznasy üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça taslamalaryň täzelenen düşünjeleriniň tanyşdyrylyşy” atly tegelek stol geçirildi. Halkara bilermenler hökmünde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň geňeşçileri Nikolai Denisow we Wiktor Nowikow çykyş etdiler. Tegelek stola Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň (döwlet weterinariýa gullugy), daşky gurşawy goramak, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň we suw komitetiniň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stolda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugyndan halkara bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda halkara bilermenler tarapyndan “Hemmelere howa hyzmaty” taslamasynyň soňky wersiýasy, şeýle hem ekosistemalar we tebigata esaslanýan uýgunlaşma çäreleri boýunça taslama düşünjesi tanyşdyryldy. Taslamanyň çäginde durmuşa geçirilmeli indiki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

llll THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Maglumat – aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ähmiýeti

tvrlgxkg4uwgizdblwbf0zwoewuhanaxommi57hi THE ASHGABAT TIMES
Next Story

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE KANADANYŇ TÜRKMENISTANDA TÄZE BELLENEN ILÇISI YNANÇ HATYNY GOWŞURDY

Soňkylar Habar

Aşgabatda meşhur teleseriallaryň sazlary ýaňlandy

06.01.2026
Täze ýyl baýramçylygy günlerinde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin «Watan» kinokonsert merkezinde Röwşen Nepesowyň orkestriniň sazandalary tarapyndan guralan konsert iň ýakymly pursatlaryň birine öwrüldi.
GitTop