Döwlet Baştutanymyz ekologik meseleler babatda ýurdumyzyň başlangyçlaryna laýyklykda, sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça anyk çäreler kesgitlenilen hem-de täze ugurlary öz içine alýan Konsepsiýany tassyklady. Türkmenistanda eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň, şol sanda daşary ýurtlaryň ýuridik taraplarynyň we olaryň şahamçalarynyň, wekilhanalarynyň hem-de telekeçilik işini alyp barýan adamlaryň ýerine ýetirýän işlerinde hökmany ekologiýa ätiýaçlandyrmasynyň girizilendigini bellemek gerek.
Şol bir wagtyň özünde parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny nazara alyp, senagat toplumynda ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagyna tapgyrlaýyn geçilýär. Ýangyç-energetika toplumynyň, dokma senagatynyň we beýleki düzümleriň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylýandygyny mysal hökmünde aýtmak bolar. Täze önümçilik toplumlary gurulýar, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de daşky gurşawa zyýan berýän serişdeleri aradan aýyrmaga mümkinçilik döredýän tehniki çözgütleri ulanmak arkaly, ozal bar bolan desgalar düýpli döwrebaplaşdyrylýar.
Hazar deňziniň ekologik taýdan ygtybarly gorag ulgamyny döretmek döwletimiziň tebigaty goraýyş syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi bilen şertlendirilýär. Dünýä ummany bilen arabaglanyşygy bolmadyk iň iri içerki suw howdany — Hazar deňzi köp görnüşli ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolmak bilen, tebigatyň hakyky merjeni hasaplanýar. Hazaryň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik bolup, olar sebitiň biologik genofonduny düzýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistan milli derejede ekologiýa babatda zerur işleri alyp barýar we bar bolan meseleleriň çözgüdine, Hazar deňzinde ekologik taýdan ýaramaz täsirleriň öňüniň alynmagyna goňşy ýurtlar, hyzmatdaşlar hem-de abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýygjam gatnaşykda täzeçil çemeleşmeleri öňe sürýär.
Sebitiň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň biodürlüliginiň artdyrylmagyna, ekologik ýagdaýyň gowulandyrylmagyna, kölüň suwunyň arassalanylmagyna we netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen ylmy barlaglar arkaly täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekde bu taslamanyň ähmiýeti uludyr. Bu ugurda ýörite barlaghanany döretmek we onuň yzygiderli işini ýola goýmak çöl hem-de medeni zolakdaky ösümlikleri, miweli baglary ylmy esasda öwrenmek babatda ygtybarly binýady emele getirer.
Türkmen topragynyň ajaýyp tebigatyny gorap saklamak, suw, ýer we biologik serişdelerini rejeli peýdalanmak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak meseleleriniň oňyn çözülmegi adamlaryň saglygynyň goralmagyny üpjün edýär. Seýilgäh we gök zolaklaryň döredilmegi, olaryň meýdanlarynyň giňeldilmegi halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ugrundaky gadymy däpleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.
Resul KUWANDYKOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby