Dark
Light
24.01.2026
6543eda760182313436254 THE ASHGABAT TIMES

Gözel ýurdum ak mermerleriň mekany

25.02.2025

Eziz Diýarymyzyň ähli künjegini gurşap alan ägirt uly gurluşyklar berkarar Watanymyzyň diňe bir ykdysady kuwwatynyň däl, eýsem, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň aýdyň görkezijisidir.

Iri özgertmeleriň döredijilik nyşany bolan Aşgabat dünýäniň iň gözel we amatly şäherleriniň biri, Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilendir. Ajaýyp ýadygärlikleri we gaýtalanmajak binagärlik çözgütleri bilen hemmeleri haýrana goýýan ak mermerli paýtagtymyzyň ösdürilmegi döwlet ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda kesgitlenendir. Her ýyl ýurdumyzyň baş şäheriniň üsti açylyp ulanmaga berilýän binalar bilen ýetirilýär. Bu desgalar okgunly ösýän döwletimiziň häzirki döwrüniň ajaýyp nyşanlaryna öwrülýär.

Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäherine abraýly sylaglaryň gowşurylmagy geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Binagärligiň, gurluşygyň innowasion çözgütleriniň hem-de sanly tehnologiýalaryň sazlaşygyny özünde jemleýän bu “akylly” şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäheri dünýä şäher gurluşygynda gazanylan täze üstünlik boldy.

Ýerli gurluşykçylaryň — döwlet we hususy kärhanalaryň täze desgalaryň gurluşygyna gatnaşmaklary olaryň daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşýändiklerini görkezýär. Olar şeýle işleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de üstünlikli amal edýärler.

Täze şähere halkara baýraklaryň we güwänamalaryň gowşurylmagy hem gazanylan üstünlikleriň güwäsidir. Ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek täze taryhy döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolmagynda galýar.

Çary MÜLKIÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gurulýan ajaýyp binalar ýurdumyzyň bezegi

halkara zenanlar guni1 optimized THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Zeminiň ýaraşygy gözel zenanlar

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop