THE ASHGABAT TIMES

Gurulýan ajaýyp binalar ýurdumyzyň bezegi

24.02.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda eziz Watanymyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urup, dünýäniň kuwwatly, durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň asyrlara barabar gazanan üstünlikleri, halkara derejede gün-günden beýgelýän abraýy, ylmy esasda, innowasion taslamalaryň binýadynda milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagy, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy dünýä derejesinde ykrar edilýän mizemez hakykatdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde – Köpetdagyň eteginde sebitde ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäherde milli binagärligiň iň gowy däpleri, şähergurluşyk hem-de dizaýn boýunça häzirki zaman ýörelgeleri sazlaşykly birleşdirilýär.

Arkadag şäheriniň gurlup ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň iň ýokary görkezijisine öwrüldi. Şäheriň gurluşygynda ösen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy, jemgyýetçilik ulaglarynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň ornaşdyrylmagy, onda ýaşyl zolaklaryň we sanly hyzmatlaryň döredilmegi ilat üçin amatly hem-de abadan durmuşy üpjün edýär.

Gahryman Arkadagymyz bu şäheriň dünýäniň iň owadan, iň gözel, ýaşamak üçin iň amatly şäherleriniň birine öwürmek ugrunda ägirt uly tagallalary edýär. Häzirki wagtda Arkadag şäheri ähli türkmenistanlylaryň buýsanjyna öwrüldi.

Şäheriň ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly desgalary, edara binalary iň kämil innowasion çözgütler bilen enjamlaşdyrylandyr. “Akylly öý” tehnologiýasy esasynda gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlary “akylly şäher” konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäheriniň esasy aýratynlygydyr. Ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmak üçin ähli amatlyklar bilen bir hatarda, öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamy ýola goýlandyr. Ol Internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň we howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň işini awtomatik we sazlaşykly üpjün edýär.

Arkadag şäheri milli binagärligiň ajaýyp nusgasy bolup, öňdebaryjy dünýä tejribesini we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär. Munuň şeýledigine Arkadag şäheriniň halkara derejesinde ykrarnama eýe bolmagy hem şaýatlyk edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şähergurluşyk ulgamynda öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň hem-de durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň aýdyň netijesidir.

Rahat GAÝBALYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy


Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
04112022 011 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitaraplyk binýadyny berkitmek ugrunda

6543eda760182313436254 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Gözel ýurdum ak mermerleriň mekany

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop