Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Begenç Durdyýewiň Koreýa Respublikasynyň Sungýungwan uniwersitetiniň prezidenti Ýu Ji Bom bilen duşuşygynyň dowamynda bilim babatda möhüm ylalaşyklar gazanyldy. 10-njy fewralda geçirilen gepleşikler türkmen talyplarynyň abraýly bilim almagy üçin täze mümkinçilikleri açar – diýlip, türkmen diplomatik wekilhanasynyň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berilýär.
Uniwersitetiň prezidenti amaly-tejribe ylymlar boýunça ýokary akademiki netijeleri görkezen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary üçin STEM (Ylym, tehnologiýa, inženerçilik, matematika) maksatnamasy boýunça magistraturada okamaga mümkinçilik döretmäge taýýardygyny tassyklady. Hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersiteti we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen özara gatnaşyklara aýratyn üns berler.
Akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde türkmen talyplary üçin kwotalary artdyrmak we talyp haklary maksatnamasyny giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu karar iki ýurduň arasynda bilim babatdaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.
Duşuşygyň dowamynda şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynýň 30 ýyllygy mynasybetli halkara çärelerini geçirmek baradaky meýilnamalar we BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy.