Türkmenistanda oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýär.
Oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alyş bahalarynyň nobatdaky gezek ýokarlandyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artýandygynyň, halkymyzyň abadançylygy ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladanyň anyk görkezijisidir. Mundan başga-da, oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikli şertlerde tehniki hyzmatlaryň hödürlenilmegi, olaryň tohum, mineral dökünler, beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edilmegi ýaly maliýe-ykdysady taýdan höweslendirýän çäreler oňyn netijesini berip, daýhanlaryň öz zähmetiniň netijesine bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar.
Däneçilik we pagtaçylyk ýurdumyzyň oba hojalygynyň strategik ugurlarydyr. Bugdaýyň hem-de “ak altynyň” öndürilmegi we gaýtadan işlenilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenendir. Türkmen topragy ekerançylygyň baý medeniýetiniň dörän gadymy ojagydyr.
Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dok däneli bugdaý sümmüllerini ösdürip ýetişdirmekde güýç-gaýratlaryny gaýgyrmandyrlar. Her bir kärendeçi üçin bereketli hasyl bolelin ýaşamagyň binýadydyr, hünär taýdan ussatlygynyň synagydyr. Şoňa görä, ýylyň-ýylyna halal zähmet çekmegiň göreldesini, netijeli işlemäge ukyplydygyny görkezýän daýhanlaryň sany barha artýar. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, şol sanda içerki bazary özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülýändiginiň mysalydyr.
Pagtaçylyk oba hojalyk pudagynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek we ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşýar.
Tohumçylyk we seçgiçilik işi, dürli ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny kämilleşdirmek, şol sanda suwaryş işlerinde innowasion tehnologiýalary synagdan geçirmek olaryň esasy wezipeleriniň hataryna girýär. Ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary gögerijiligi, süýümiň berkligi, uzynlygy we arassalygy seçgiçileriň ýetişdirýän gowaça görnüşleriniň hilinde aýratyn ünsde saklanýan meselelerdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga, halkymyzyň abadan ýaşaýşy, has-da öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge, döredijilik kuwwatyny netijeli ulanmaga gönükdirilendir.
Yhlas ÇARYÝEW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby