Dark
Light
03.01.2026
6033299d3570e088943339 THE ASHGABAT TIMES

Şanly ýylymyzyň şygary – parahatçylygyň nyşany

24.02.2025

Türkmenistanda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy, milli ösüşiň täze tapgyrynda esasy ugurlary şöhlelendirýän şygaryň yglan edilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu raýatlaryň watançylyk duýgusynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär hem-de her bir adamyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan ägirt uly işlere goşant goşmak hyjuwyny artdyrýar.

Şanly ýylymyzyň şygar täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp öňe sürüldi.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukukly gatnaşyklary ilerletmekde başlangyçly orny eýeläp, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçen 2024-nji ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, gyzyklanma bildirýän ýurtlar we halkara guramalar bilen giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty uly üstünliklere beslendi.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary bilen geçjek 2025-nji ýylda-da hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli işleriň rowaçlyklara beslenjekdigine ynanýarys.

Saglyk RAHMANOW
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

2 21 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmen gelin-gyzlaryň täsin gözelligi

04112022 011 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk binýadyny berkitmek ugrunda

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop