Dark
Light
24.01.2026
THE ASHGABAT TIMES

Türkmen jemgyýetiniň miweleri

19.02.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmäge, medeni mirasy, taryhy ýadygärlikleri düýpli öwrenmäge, rejelemäge, olary dünýäde wagyz etmäge uly üns berilýär.

Ýurdumyzda bilim derejesi ýokary halkara talaplara laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek bilim syýasatynyň ileri tutulýan wezipesidir. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, olarda has zerur ugurlar boýunça ýaşlary taýýarlamak üçin täze bölümleriň açylmagy bu ugurdaky anyk ädimlerdir.

Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylymlary okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalary durmuşa geçirilýär. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy hem-de Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Aziýa, Ýewropa, Amerika yklymlarynyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge, ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Milli hem halkara derejedäki olimpiadalarda ýeňiji bolýan ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk ösdürilip, ýaş türkmenistanlylar sportda we döredijilikde ýokary netijeleri gazanýarlar.

Bu gün Türkmenistan okgunly ösýän döwletleriň biri hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýaşaýan häzirki döwrümiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyny hem milli we umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyk gelýän öňdebaryjy tejribeleriň binýadynda mundan beýläk-de ösdürmek üçin örän möhüm döwürdir.

Jumamyrat RAHMANOW
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň
2-nji derejeli mugalllymy


Leave a Reply

Your email address will not be published.

ms multiple skleroz poliklinigi THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ýaýran skleroz

2 1024x577 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Adamzat Ösüşiniň Hereketlendiriji Güýji

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop