Türkmenistanda “Made in Azerbaýjan” marka önümleriniň onlaýn satuwy başlandy.

Azerbaýjan önümleri Türkmenistanyň üç esasy onlaýn platformasynda – “GiperTM“, “Ynamdar” we “AshgabatMarketde” satuwa çykaryldy. Bu platformalar, alyjyllaryň köp bolýan ýerleridir. Ilkibaşda dürli kategoriýalardaky önümler, çaýlar, mürepbeler, şireli miweli suwlar we beýleki konserwirlenen iýmitler tebigy düzümli we ýokary hilli görnüşde onlaýn platformalarda alyjylara hödürlenýär.

“Made in Azerbaýjan” markaly önümleriň Türkmenistan bazarynda satyşyň onlaýn görnüşinde hödürlenmegi, has giň auditoriýa ýetmegine we has köp müşderi üçin elýeterli bolmagyna kömek edýär. Azerbaýjan tarapyndan öndürilýän önümleriň tebigy düzümli we ýokary hilli bolmagy, türkmen alyjylarynyň ünsüni özüne çekmäge mümkinçilik berýär.Satuwda bolan Azerbaýjan önümleri, Türkmen alyjylary tarapyndan hil we baha taýdan gowy garşylanýar. Esasanam organiki düzümli Azerbaýjan çaýlarynyň tebigy goşundylara baý bolmagy alyjylaryň gyzyklanmasyny has köp özüne çekýär.