Dark
Light
25.01.2026
5kaeisoknpp6bvbbvpfsk4ym6bce0o 1500x800 1 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleri köptaraply hyzmatdaşlygyň maksatnamalaryny maslahatlaşdylar

15.02.2025

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin 2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda telefon arkaly söhbetdeş boldular.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtadylar we ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň gatnaşmagynda, şol sanda BMG-niň meýdançasynda geçiriljek çäreleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ministrler meýilleşdirilen özara saparlaryň we geňeşmeleriň üsti bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça ylalaşdylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

i 8 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Dubaýyň ýaşaýjysy täsin altyn bilen örtülen ”Tesla Cybertruck” awtoulagyny gazandy

i 9 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ýaş nesilleriň sagdynlygy – geljegimiziň aýdynlygy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop