0e4385b18419b21a75480d81cf6d809d 9000877 382x254 2 THE ASHGABAT TIMES

Türkmenistanyň Ženewadaky Hemişelik wekilhanasy Bütindünýä Söwda Guramasynyň Ştab-kwartirasynda çäre geçirdi

18.02.2025

17-nji fewralda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy «Interpeace Building» platformasy bilen bilelikde Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) ştab-kwartirasynda «Söwda arkaly durnuklylygy berkitmek: durnukly parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk» atly çäre geçirdi.

Çäre ykdysady ösüşiň, durnukly parahatçylygyň we bitaraplyk ýörelgeleriniň özara arabaglanyşygyna bagyşlandy. Oňa halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we hususy pudagyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

BSG-niň Baş direktory, doktor Ngozi Okonjo-Iweala çärä gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajyýew çykyş edip, 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilendigini belledi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň ýurduň parahatçylykly hyzmatdaşlyk, ykdysady integrasiýa we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklaýandygyny nygtady. Şeýle-de türkmen tejribesiniň bitaraplygyň üzňeleşmek däl-de, eýsem, halkara hyzmatdaşlygy we durnukly söwdany ösdürmek üçin amatly şertleri döredýändigini subut edendigi bellenildi.

Çäräniň dowamynda Halkara Söwda Merkezi (ITC), Halkara Söwda Palatasy (ICC) we öňdebaryjy hususy kompaniýalaryň wekilleri işewürleriň parahatçylyk dörediji başlangyçlara we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça anyk ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu çäre pikir alyşmak, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak we strategiýalary işläp taýýarlamak üçin amatly platforma öwrüldi diýip, habarda bellenilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

Ashgabat
1:35 am, Mar 27, 2025
temperature icon 7°C
облачно с прояснениями
Humidity 81 %
Pressure 1024 mb
Wind 5 mph
Wind Gust Wind Gust: 0 mph
Clouds Clouds: 75%
Visibility Visibility: 0 km
Sunrise Sunrise: 6:59 am
Sunset Sunset: 7:24 pm
photo 2025 02 18 08 34 37 e1739849692481 750x375 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Täjigistan we Özbegistan Duşanbe-de “Dostluk bagy” döredýärler

bb84a8e2388b556984712db615ba98f6 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

14 ýaşly oglan diňe bir günde alty sany dünýä rekordyny goýdy

Soňkylar Habar

Türkmen mugallymlary Rumyniýa iş saparynda

25.03.2025
HYYweÖU-nyň mugallymlary Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde Alba-Iulia şäheriniň “1 Decembrie 1918” uniwersitetine iş sapary bilen barypdyr. Saparyň möhleti 2025-nji ýylyň 24-28-nji mart aralygynda dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbeýjan stendi bilen tanyşdy

23.03.2025
Türkmenistandaky Berzeňňi şypahanasynda köpçülikleýin agaç ekmekligiň dowamynda däp bolan “Dünýä aşhanasy” bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi tarapyndan gurnalan bu çärä dürli ýurtlaryň diplomatik
GitTop