2025-nji ýylyň 18-19-njy fewralynda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) wekilhanasy hem-de Aziýa parlamentarileriniň ilat we ösüş meseleleri boýunça forumy (AFPPD) tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bilen seminar geçirildi. Seminar zenanlary maşgala zorlugyndan goramak babatda kanunçylygy mundan beýläk kämilleşdirmek maksady bilen toplumlaýyn gender çemeleşmesini ornaşdyrmak meselelerine bagyşlandy.
Çärä kanunçylyk, adam hukuklary, halkara gatnaşyklary, durmuş syýasaty boýunça parlament komitetleriniň agzalary, AFPPD-nyň Ýerine ýetiriji direktory jenap Farruh Usmonow we UNFPA-nyň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de, UNFPA-nyň Gender meseleleri boýunça sebitleýin maslahatçysy hanym Gabriela Alwarez Minte we BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň sebitleýin wekilhanasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekiliniň orunbasary jenap Fabio Piana seminara onlaýn gatnaşdylar.
Seminaryň çäklerinde UNFPA-nyň halkara bilermeni hanym Morgan Landel maşgala zorlugynyň ýaýbaňlygy we netijeleri, zenanlaryň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk boýunça halkara tejribesi, şeýle-de degişli kadalary Türkmenistanyň milli kanunçylygyna girizmegiň zerurlygy barada maglumat berdiler. AFPPD-nyň wekili forumyň ýerine ýetirýän işleri, hususan-da kanunçylygy goramak we agza ýurtlaryň jemgyýetlerine peýda getijek düzgünleri öňe sürmek boýunça alyp barýan işleri barada gürrüň berdi.

Mundan başga-da, 20-nji fewralda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň Iş toparynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar, şol sanda dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek we olary gender zorlugyndan goramak babatda öňdebaryjy daşary ýurt tejribelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çäreler 2022-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça Milli synyň maslahatlaryny ýerine ýetirmek boýunça Iş hereketleriniň meýilnamasyny, şeýle hem Aýallar babatda kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça Komitetiň 2024-nji ýylyň martynda beren maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça tehniki goldaw bermegiň çäklerinde guraldy. UNFPA bu möhüm ugurda Türkmenistanyň hökümeti we Mejlisi bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyny dowam etdirer.
UNFPA – ilat we ösüş meseleleri boýunça iş alyp barýan halkara agentlik bolup, biz 190-dan gowrak ýurtda iş alyp barýarys. Işimizi reproduktiw saglygy we hukugy, gender deňligi we ýaşlar, ilatyň ösüş depginine gönürmek arkaly adamlara sagdyn durmuşda ýaşamaga kömek edýäris. https://turkmenistan.unfpa.org
AFPPD — Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň 30 ýurdunyň milli komitetlerini özünde jemleýän parlamentler ulgamy bolup, onuň ştab-kwartirasy Ýaponianyň paýtagty Tokioda ýerleşýär. Forum ilat we ösüş meseleleri boýunça kanunçylyk we syýasat, şol sanda gender deňligi we zenanlara garşy zorlugy ýok etmek meseleleri boýunça maslahatlaşmak we teklipleri işläp taýýarlamak üçin meýdança bolup hyzmat edýär. https://afppd.net/