img 20250225 220049 1 1 scaled THE ASHGABAT TIMES

Weterinariýa gullugynyň wekili “Türkmenistanda söwda amallaryny ýeňilleşdirmegiň Milli ýol kartasyny işläp düzmek” boýunça bilermenler maslahatyna gatnaşdy

26.02.2025

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda “Arçabil” myhmanhanasynda “Türkmenistanda söwda amallaryny ýeňilleşdirmegiň milli ýol kartasyny işläp düzmek” boýunça bilermenler maslahaty geçirildi. Bu maslahata, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we Halkara Söwda Merkezi tarapyndan durmuşa geçirilýän “Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýasy” taslamasynyň çäklerinde guraldy. Maslahata söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça Halkara Söwda Merkeziniň halkara maslahatçylary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar.

Bilermenleriň maslahatyna Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinar gullugynyň Halkara we ylmy gatnaşyklary bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow gatnaşdy. Ol öz çykyşynda weterinariýa gözegçiligini optimizirlemek, eksport-import we tranzit amallaryny ýeňilleşdirmek maksady bilen “Bir penjire” mehanizmini ornaşdyrylmagynyň uly ähmiýetini nygtady. Weterinar şahadatnamalarynyň we beýleki rugsat beriji resminamalaryň sanly ulgama integrasiýa edilmegi arzalaryň ýerine ýetirilmegini çaltlandyrmaga, administratiw päsgelçilikleri azaltmaga we amallaryň aç-açanlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Bu bolsa halkara söwdasynyň ösmegine we öňdebaryjy talaplara laýyk gelmegine möhüm ädim boldy.

Maslahat interaktiw görnüşde geçirilip, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilermenlerine hem-de hususy pudagyň wekillerine söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça milli ýol kartasyny işläp taýýarlamagyň iň netijeli ýollary barada pikir alyşmaga mümkinçilik berdi. Duşuşykda ýurduň serhetüsti söwdasyna gatnaşýan ähli taraplaryň bähbitleri göz öňünde tutuldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
halkara zenanlar guni1 optimized THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Zeminiň ýaraşygy gözel zenanlar

THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Ynsan we Tebigat Arasyndaky Baglanyşyk

Soňkylar Habar

GitTop