Dark
Light
24.01.2026
halkara zenanlar guni1 optimized THE ASHGABAT TIMES

Zeminiň ýaraşygy gözel zenanlar

25.02.2025

Türkmen halkynyň adynyň dünýä ýaýylmagynda, mertebesiniň beýgelmeginde, gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni mirasymyzyň, ajaýyp däp-dessurlarymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetmeginde eziz enelerimiziň, mährem gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty uludyr.

Eziz enelerimize, mährem gelin-gyzlarymyza mynasybetli her ýylyň 8- nji martynda Halkara zenanlar güni dünýä ýüzünde giňden bellenilýär.

Dünýä ýurtlarynda bellenilip geçilýän bu baýramçylygyň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri hem zenanlaryň zähmete bolan hukuklarynyň goralmagy hem-de ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligine goldawlara mynasyp bolmaly diýen düşünje bolýar. Ol 1857-nji ýylyň 8-nji martynda Nýu-Ýorkda zenanlaryň köpçülikleýin ýöriş etmeklerine sebäp bolýar. 1908-nji ýylda bu ýagdaý ýene gaýtalanýar.

Halkara zenanlar gününi her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910—njy ýylda aýallaryň Kopengagende geçen 2-nji Halkara Konferensiýasynda kabul edilýär.

8-nji mart baýramy zenanlara bolan çäksiz söýgini sungatyň üsti bilen beýan etmek, olaryň gözelligini we ajaýyplygyny wasp etmek üçin şanly senedir. Türkmen nusgawy edebiýaty zenanlara çäksiz söýgä hem-de olara sarpa goýmak duýgularyna beslenendir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlaryna mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilýär, gender deňligi kanun arkaly üpjün edilýär. Olaryň hukuklaryny, bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak babatda hem ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, Watana wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge asylly goşantlary üçin «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy, «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy zenanlarymyzyň bagtyýarlygynyň, olara goýulýan hormatyň nyşanydyr.

Mähri DAŇATAROWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

6543eda760182313436254 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Gözel ýurdum ak mermerleriň mekany

img 20250225 220049 1 1 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Weterinariýa gullugynyň wekili “Türkmenistanda söwda amallaryny ýeňilleşdirmegiň Milli ýol kartasyny işläp düzmek” boýunça bilermenler maslahatyna gatnaşdy

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop