Dark
Light
24.01.2026
60bc9935f273c921 THE ASHGABAT TIMES

Belent sepgitleriň gözbaşy

11.03.2025

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda giň möçberli işler amala aşyrylyp, olar röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, kämil hünärli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri baradaky aladalardan gözbaş alýar. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga , mazmunyny baýlaşdyrmaga, dünýä tejribesi esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen sanly ulgamyň bilime ornaşdyrylmagy netijesinde döreýän şert-mümkinçilikler bu ugurda öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.

hhhh THE ASHGABAT TIMES

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýip nygtaýar. Bu belent maksada ýetmekde bilime sanly ulgamy ornaşdyrmagyň döwrüň öňe çykarýan esasy talabydygy hemmämize mälimdir. Şol esasdan, häzirki wagtda bilim edaralarynyň işini “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” esasynda has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilip, olaryň barha ilerleýändigi, şolaryň netijesinde hem bu ugurdan kämil ylymly-bilimli ýaş hünärmenleriň kemala gelýändigi guwandyryjydyr.

Halnepes DÖWLETDURDYÝEW

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

Mengli Secrets World Fashion
Öňki taryh

Belgiýadaky Türkmenistanyň ilçihanasy we “Mengli Secrets World Fashion” Niderlandlarda etniki sungaty görkezdi

s352hc9f35b402fdf78525f688f8b5aa6e0b1ea5040f6 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Kelle Beýnisiniň 4-nji Garynjygynyň Täze Döreme Keseli

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop