Dark
Light
10.01.2026
c649cyhfebgj7qcowbzurkncwoddst4veaomwv14 THE ASHGABAT TIMES

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili N. Saakýanyň «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahatda eden çykyşy

17.03.2025

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan öz çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň wezipelerinde we Durnukly Ösüş Maksatlarynda esasy orny eýeleýän tema, ýagny ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň ornuna bagyşlanylan  maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi. Parahatçylygyň üpjün edilmegi boýunça zenanlaryň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň 35 göteriminde ylalaşyklaryň gazanylandygyny seljerme barlaglarynyň görkezendigini aýtdy. Munuň özüniň zenanlaryň pikir-garaýyşlaryna, ynsanperwer başlangyçlaryna, tutanýerliligine uly ornuň degişlidigini görkezýändigini nygtady. 

Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň ornunyň ýokarlandyrylmagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi. Bu dialogyň döredilmeginiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň jemgyýetde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak babatda umumadamzat ähmiýetli syýasy garaýyşlaryny we tagallalaryny dabaralandyrandygy bellenildi. 

Onuň gysga döwrüň içinde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmakda, şeýle hem sebitiň zenanlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça tejribe alyşmakda netijeli sebit meýdançasyna öwrülendigi bellenildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

123453 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Standart Hyzmat bilen Ösüşe taýynmy?

i 31 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bahar paslynyň soltany Nowruz baýramy

Soňkylar Habar

Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga ygrarly

09.01.2026
2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen
GitTop