8e293467a320be9d2306e50614dff5fc THE ASHGABAT TIMES

Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we dostlugyň mekany

21.03.2025

Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar, halkara gatnaşyklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Ýurdumyzyň bitarap, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatda gazanýan üstünlikleriniň netijelerine Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Güneşli ýurdumyz dürli halkara maslahatlary, sammitleri, forumlary, yzygiderli geçirilýän mekanydyr.  Ýaňy ýakynda hem,  Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty geçirildi.

Forumyň maksatnamasyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag, infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy hem geoykdysady ähmiýeti», «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri», «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda orny we ähmiýeti», «Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary», «Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklary» atly bäş sany sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryny beýan edýän mejlislerde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen nurly geljege badalga alan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” il-günimiz bagtyýar, asuda, abadan, erkin ýaşaýşyň hözirini görüp ýaşaýar. Ak daňlary erkin atýan, nurly Güni öz şöhlesiniň tyglaryny keremli topragyna bolluk bilen saçýan, şöhraty bilen asyrlar aşa mizemez heýkel dikip barýan  Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny toýlamaly ýylymyzda özleri barada edilýän alada aňryýany bilen düşünýän bagtyýar halkymyz zähmet üstünliklerini özlerine ýaran edinýärler.

Milli Liderimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda alyp barýan oýlanyşykly başlangyçlary netijesinde içeri we daşary syýasatynda giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýagny, Bitaraplyk syýasatymyz bu gün halkymyzy bagtyýarlyga, asudalyga besleýär, ähli halklary dost-doganlyga çagyrýar. Çünki türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ähli halklarynyň dostluk-doganlyk we parahatçylygyň ýoludyr.

Goý, bütin dünýämizi kalby deý aklyga besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň, parahatçylygyň mekany bolan jan Watanymyz Türkmenistan has-da pajarlap össün!

Güljemal GUÝJOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
386e796457a35df475215a4a11c355d1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Parahatçylyk – ösüşleriň binady

i 36 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk – parahatçylygyň kepili

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop