i 36 THE ASHGABAT TIMES

Bitaraplyk – parahatçylygyň kepili

21.03.2025

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi. Ýurdumyz gysga wagtda halkara arenasynda özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy.

Türkmenistan beýleki döwletler bilen dosluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda özara gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklary saklaýar.

Halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde-de asuda ýaşamagy, goňşy döwletler bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmagyň tarapdary bolupdyr. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de döwletimiziň halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alynyp barylýan Türkmenistanyň daşary syýasaty bu gün ösüş depgini, häzirki zamanyň hemmetaraplaýyn meselelerini çözmäge jogapkärli we täzeçil çemeleşmeleri, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň täze ugur-ýollaryny gözleýändigi bilen tapawutlanýar.

Şuňa laýyklykda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ak mermerli paýtagtymyzda geçirilýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahat Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde, energetika, ulag, üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmekde, degişli ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň BMG-niň parahatçylygyň we durnuklylygyň strategik düzgünlerine doly gabat gelmegi özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine isleg bildirýän hyzmatdaş döwletleriň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Halkara bileleşigi ýurdumyzyň öňe sürýän özara düşünişmek we ynanyşmak, deňhukuklylyk we netijeli hyzmatdaşlyk boýunça syýasy-diplomatik ýörelgelere ygrarlydygyna uly sarpa goýýar. Çünki ýurdumyzda alyp barylýan içeri we daşary syýasat diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä döwletleriniň ilatynyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan, halkyny şeýle toýly günlerde ýaşadýan watanymyzyň geljegi üçin gije-gündiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary  sag bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Alina SAIDOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
8e293467a320be9d2306e50614dff5fc THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we dostlugyň mekany

90ec1bb1ef9e7e6de54a62f47c6dae14 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Türkmenistan – Parahatlygyň mekany

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop