Türkmenistan halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetli hyzmatdaşlyk kadalaryndan ugur alyp, dünýä döwletleri, halkara guramalar, öňdebaryjy kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Energetika we ulag ulgamyny ösdürmek, beýleki üpjünçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi olaryň esasy ugurlaryna degişlidir.
Häzirki wagtda Türkmenistan sebitde energetika taýdan kuwwatly döwletleriň biri bolmak bilen, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň çatrygyna öwrülýär. Bitarap döwletimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamy we energetika howpsuzlygy bilen bagly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem-de bu ugurlar boýunça soňky ýyllarda amala aşyrylýan iri taslamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyz halkara ähmiýetli iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň täze tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdi. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsi açyldy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berildi. Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedi işe girizildi.
Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginde Türkmenistan sebitde halkara ýollaryň çatrygynda ýerleşmek bilen, esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini berkidýär. Şu nukdaýnazardan, Hind ummanynyň portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda sebitdäki ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýäris. Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän bu halkara üstaşyr ulag geçelgesi ýük akymlarynyň artmagynda, taslama gatnaşýan ýurtlaryň üstaşyr mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistan mawy ýangyjyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi-de yzygiderli artdyrylyp, eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar. Dünýäde energiýa serişdelerine bolan talaplaryň gün-günden artýandygyny nazarda tutup, ýurdumyz energetika taslamalaryny amala aşyrmakda sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmegi we ony täze derejelere çykarmagy esasy wezipeleriň biri hasaplaýar. Energetika, ulag we üpjünçilik taslamalaryna uly möçberli maýa goýumlaryň gönükdirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetiň kuwwaty barha artýar. Sebitiň ýurtlarynyň umumy ösüşini göz öňünde tutýan bu ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagyna beýleki döwletlerdir iri halkara guramalaryň, şol sanda halkara maliýe düzümleriniň işjeň gatnaşmagy daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde, ykdysadyýeti diwersifikasiýa taýdan ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar.
Mundan başga-da, halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň biri bolan, sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahat Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, ýangyç-energetika, üstaşyr ulag we üpjünçilik taslamalarynyň häzirki zaman ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, oňa maýa goýumlary çekmäge giňden ýardam berer.
Tylla ŞÖHRADOWA
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby