Dark
Light
03.01.2026
glawny 1 THE ASHGABAT TIMES

Durnukly Ösüşi Üpjün Etmekde Sebitara Ykdysady Hyzmatdaşlygyň Orny

28.03.2025

Bütindünýä ösüşiň häzirki aýratynlyklary hem meýilleri logistikanyň güýçli ösýän ugurlarynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Adamzat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn ösmegi ulag we aragatnaşyk ulgamy bilen aýrylmaz baglylykda bolup geçýär. Bu ösüş öňegidişlikli we özgerişli häsiýete eýe bolmak bilen jemgyýetçilik, önümçilik, söwda-ykdysady, ýaşaýyş-durmuş, medeni, ylmy we ynsanperwer gatnaşyklaryň gerimini yzygiderli artdyrmak, döwletleriň we halklaryň syýasy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni taýdan özara goşulyşmagyny hem bütewileşmegini gazanmak, umumadamzat derejesinde parahatçylygy we ösüşi, halkara dostlugy hem doganlygyny pugtalandyrmak işlerine kuwwatly itergi berýär. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda ABŞ-niň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň belent münberinden eden çykyşynda halkara derejesinde baýram edilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Ýokary derejeli maslahaty çagyrmak baradaky döwletli teklibi öňe sürmegi, 2025-nji ýylyň 19-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatda: “Türkmenistan adalatly geoykdysadyýet ugrunda yzygiderli çykyş edýär.

Sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk häzirki wagtda döwletleriň ykdysady syýasatlarynda möhüm ugur bolup durýar. Biziň zamanamyzda ykdysady taýdan ösüşe eýe bolmak diňe bir döwletleriň özbaşdak tagallasy bilen çäklenmeýär, eýsem, sebitdäki ýurtlaryň bilelikdäki hereketlerini talap edýär. Çünki global ykdysady şertlerde ösüşe çykalga tapmak diňe bir döwlet derejesinde amala aşyryp bolmaýar, eýsem, umumy işleşmegiň, söwda gatnaşyklarynyň we maýa goýum alyş-çalşygynyň artmagy arkaly mümkindir.

Mundan başga-da, sebitara hyzmatdaşlyk häzirki zaman energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Energetika serişdelerine baý we tehnologiýalara eýe bolan ýurtlaryň bilelikde hereket etmegi energiýa serişdeleriniň has netijeli ulanylmagyny we olaryň adalatly paýlanmagyny üpjün edýär. Şeýle ykdysady hyzmatdaşlyk diňe bir durnukly ösüşi gazanmak bilen çäklenmän, ekologiki we sosial taýdan howpsuz ykdysady ösüşiň emele gelmegine hem ýardam edýär.

Sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň ýene bir möhüm tarapy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Ýurtlaryň özara hyzmatdaşlyk etmegi bilen oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligi ýokarlanýar we azyk üpjünçiligi bilen baglanyşykly töwekgelçilikler azalýar. Azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bolsa ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna we ýaşaýyş hiliniň gowulanmagyna getirilýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarylmagy diňe bir sebit derejesinde däl, eýsem, global derejede durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam edýär. Şeýle hyzmatdaşlyk ýurtlaryň arasyndaky syýasy düşünişmezlikleri azaltmaga we howpsuzlyk meselelerini bilelikde çözmäge mümkinçilik döredýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň ynha eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda başy başlanan bu işleriň ýiti öňdengörüjilige hem ýiti syýsy zehine eýlenendigini döwrüň özi ähli aýdyňlygy bilen subut edýär. Milletimiziň agzybirlik pelsepesinden gözbaş alýan “ykdysady diplomatiýa”, “ulag-üstaşyr diplomatiýasy” bu günki günde diňe bir bütindünýä syýasatynyň aýrylmaz bölegine, syýasat ylmynyň binýatlaýyn düşünjeleriniň birine däl-de, anyk işler arkaly hoşmeýilli many-mazmunyny görkezen, parahatçylyk döredijilik güýjüni görkezen işjeň hem netijeli gurala öwrüldi. Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän döwletleriň sanynyň barha köpelýändigi bu başlangyçlaryň gadyr-gymmatyny doly ykrar edýändigini hem ählitaraplaýyn goldaýandygyny görkezýär.

Soltanguly NURMYRADOW
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby





Leave a Reply

Your email address will not be published.

62315faad4977668241577 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly: Durnukly Ösüşi Üpjün Etmekde Sebitara Ykdysady Hyzmatdaşlygyň Orny

halkara parahatcylyk we ynanysmak yyly optimized THE ASHGABAT TIMES
Next Story

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly ýokary derejeli halkara maslahat geçirildi

Soňkylar Makalalar

Bedew batly at-myradyň mekany

02.01.2026
Halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy ýolunda bedew atlar baky hemrasy, iň ýakyn syrdaşy we ruhy baýlygy bolup gelipdir. Türkmen medeniýetinde at diňe bir barjamlylygyň ýa-da

Garyň aklygy — tebigatyň ruhy sazlaşygy

02.01.2026
Gyş paslynyň ilkinji garyň ýagmagy bilen tebigat özüne mahsus ak keşbine girip, daş-töweregi arassalyk we päklik duýgusy bilen gurşap alýar. Asmandan ýuwaşlyk bilen inýän

Hünärinde hem-de sportda ussat türgenlerimiz!

02.01.2026
Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşlaryna aýratyn orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän şol ýaryşlaryň

Bilimli ýaşlar – buýsanjymyz

30.12.2025
Bilim bagtyýarlyga, ruhubelentlige hem-de rowaçlyga deňelýär, beýik işleriň gözbaşy hasaplanýar. Ylym-bilim ulgamynda-da uly üstünliklere beslenen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem tamamlanyp barýar. Şanly

Täsin we geň galdyryjy täze ýyl ynançlary

30.12.2025
Biler bolsaňyz, dünýädäki ilkinji arça agajy XVII asyryň başynda döräpdir. Elzas şäherinde arça we sosna agaçlary reňkli kagyz gülleri, alma, kökejikdir süýjüler bilen bezelipdir.
GitTop