Dark
Light
26.01.2026
14122021neftegaz THE ASHGABAT TIMES

Energetika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi

13.03.2025

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypa açyldy. Şu günki taryhy ähmiýetli wakalar munuň aýdyň güwäsi boldy. Bu wakalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýasy öz aýdyň beýanyny tapýar.

Ýurdumyz bu döredijilikli ýola yzygiderli eýerip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli infrastruktura taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ýurdumyz halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli, öňdengörüjilikli çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen umumy tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunda energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi aýrylmaz şert bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bu ulgamy kemala getirmäge saldamly goşant bolup durýar.

 Şunuň bilen birlikde, bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, innowasiýalary, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitlerini nazara almak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmäge gönükdirilen renergetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir.

 Abraýly halkara bilermenler tarapyndan tassyklanan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary ýurdumyza tebigy gazy uzak möhletleýin esasda kepillikli eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Allanur BAÝRAMOW
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby

Leave a Reply

Your email address will not be published.

30984314615798daae2b9ac23e624a0d839e6996 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Ilon Mask Tesla-y äsgermezlik we aksiýalaryň pese düşmegi üçin tankyt edildi

10032025 001 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Bitaraplyk – parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady

Soňkylar Makalalar

Ýaş nesliň terbiýesinde parahatçylyk mekdebi

24.01.2026
Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň buýsanjymyz, asuda durmuşymyzyň sarsmaz sütünidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp eseri bu

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

23.01.2026
Häzirki wagtda deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetlilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Şunda hemişelik Bitaraplygymyzyň
GitTop