fzgfmq40ylysvqsq6cuthnd7lemyf3gikhgd1p2tawtsftotfnhutq8fiami THE ASHGABAT TIMES

Gülden näzik gözel zenanlar

03.03.2025

Ýurdumyzda gül-lälelere beslenip gelen bahar paslynyň dowam edýän ajaýyp günlerinde Halkara zenanlar güni – 8-nji mart baýramçylygyny uludan bellemeklik her bir ynsanyň kalbyny heýjana salýar. Diýarymyzyň çar künjeginde bu ajaýyp bahar baýramy mynasybetli dürli çäreler barha dabaralanýar. Döwlet derejesinde edilýän şeýle tagallalar mährem enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, ýüreklerini has-da joşdurýar.

Mährem eneler halkymyzyň buýsanjy bolmak bilen, maşgala ojagynyň sütüni, wepalylygyň nusgasy hasaplanýan hem-de erkekler bilen deň hatarda durýan zenanlara aýratyn gadyr goýulýar. Gelin-gyzlar özleriniň mähirli gatnaşygy bilen parahatçylygyň, abadançylygyň berkarar bolmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Şöhratly pederlerimiziň ýagşy dessurlary häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Şunda mährem zenanlaryň hemmetaraplaýyn zehinine möhüm orun degişli bolup durýar.

Zenanlar halkymyzyň buýsanjydyr. Olar häzirki günde döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşant goşýarlar. Gelin-gyzlaryň möhüm döwlet, syýasy işlere işjeň gatnaşmaklary adalatly, deňhukukly jemgyýetiň durnukly we sagdyn ösüşiniň wajyp şertleriniň biridir. Zenanlar adamzada asylly işleri amala aşyrmaga ylham berýän güýçdür, olar özleriniň aladalary, köňül päkligi bilen daşymyzy gurşap alyp, dünýäni kämilleşdirýärler.
Täze taryhy eýýamyň işjeň döredijileri bolup durýan zenanlar sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde ähmiýetli orny eýeleýärler. Häzirki döwürde syýasy erke eýe bolan, ykdysady taýdan garaşsyz zenanlar jemgyýetiň oňyn özgerdiji güýjüne öwrülýärler we olar ähli ugurlarda uly hormatdan peýdalanýarlar.

Zenanlaryň keşbine şygryýetde aýratyn gadyr goýulýar we ol parahatçylygyň, ruhubelentligiň esasy ugruny özünde jemleýän keşp hökmünde giňden beýan edilýär. Gadymy döwürlerden bäri şahyrlar, ýazyjylar, sazandalar we suratkeşler zenanlaryň gözelligini Aýa, Güne deňäpdirler. Olar gülden näzik gelin-gyzlaryň owadan gözleriniň waspyny ýetiripdirler. Şeýlelikde, sungat eserleri enelere goýulýan çuňňur hormatyň, uýalara, gelinlere bolan mähirli gatnaşygyň, zenan gözelligine hormatyň ajaýyp däplerini beýan edipdirler.

Halal zähmetlerini maşgala borçlary bilen netijeli utgaşdyrýan zenanlar ählumumy hormata we goldawa mynasypdyrlar. Enelik we çaga terbiýesi zenanlaryň mukaddes borjy hasaplanýar. Türkmen halkynyň ykbalynyň özgermegine uly goşant goşýan, mynasyp nesli terbiýelemek ugrunda tagalla edýän zenanlar döwlet derejesinde sarpalanylýar. Zenanlara bolan mähirli garaýyş Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň asylly aýratynlyklarynyň biridir.

Ene, wepaly ýanýoldaş, maşgala ojagynyň sütüni bolan türkmen zenanlary milli ahlak we medeni gymmatlyklary saklap, nesilden-nesle geçirip gelýärler. Munuň özi häzirki döwürde aýratyn ähmiýetli ýörelgelere öwrüldi. Zenanlaryň ruhy, aň-paýhas we ahlak häsiýetleri durmuş meselelerini çözmekde ähmiýetli hasaplanýar. Köp ýyllaryň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça, Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar.

Türkmen zenanlary milli halyçylyk, keşdeçilik ýaly deňi-taýy bolmadyk sungatymyzda şöhratly taryhymyzy aýdyň we hemmetaraplaýyn esasda beýan etmegi başarýarlar. Munuň özi milli döredijilik mekdebiniň esasyny düzýän ýörelgelerdir. Bu ýörelgeler häzirki zaman türkmen medeniýetinde mynasyp dowam etdirilip, öz ösüşinde täze galkynyşa eýe boldy.

Gözel PIRMUHAMEDOWA
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
Žurnalistika kafedrasynyň müdiri, uly mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

loader-image
Ashgabat
,
temperature icon
Humidity
Pressure
Wind
Wind Gust Wind Gust:
Clouds Clouds:
Visibility Visibility:
Sunrise Sunrise:
Sunset Sunset:
shutterstock 1720376035 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Günorta Amerikada ilkinji gezek ak aýy doguldy

i 18 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Milli ykdysadyýetimiziň  özeni

Soňkylar Makalalar

Dil – halklary birleşdirýän köpri

04.12.2025
Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hatarynda ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmeklerine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli

Ýaş fizikleriň duşuşygy

04.12.2025
Her bir halk ylymly-bilimli, kämil hünärmenleri bilen beýik ösüşleri, bagtyýar geljegini gurýar. Eziz Diýarymyzyň bagtyýar geljegi, beýik ösüşleri bolsa gönüden-göni ýaş neslimiziň ylmyna, yhlas-başarnygyna
GitTop