Dark
Light
27.12.2025
ed4345ff1a77b833cab88b6bd49a1492 450x3002 1 THE ASHGABAT TIMES

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar

24.03.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Garaşsyz Baky Bitarap Watanymyz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Garaşsyz Watanymyzda Ýer ýüzüniň birnäçe döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmak, sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamak, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmekde biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen halkara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.

Türkmenistan 2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar. Hakykatda, Türkmenistanyň başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologiki we amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr.

2025-nji ýyl dünýä meselelerinde ösüp barýan ýurtlaryň has aýdyň we täsirli ornuny görkezmegi maksat edinýär. Hakyky ynanyşma diňe ösüp barýan döwletleriň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny ykrar etmegi, olaryň syýasy özygtyýarlylygyna hormat goýulmagyny, energiýa çeşmeleriniň deň paýlanmagyny, tehnologiýa elýeterliligini, howanyň zyňyndylary we daşky gurşawy aýawly saklamak meselelerinde kemsitmezlik çemeleşmeleri berjaý etmegi göz öňünde tutýan deňhukukly we sazlaşykly dialogyň esasynda döredilip bilner. Ählumumy derejede durnukly howpsuzlygy we durnuklylygy diňe görkezilen şertler ýerine ýetirilen halatynda üpjün edip boljakdygy äşgärdir.

Beýan edilenlerden ugur alyp, bitaraplyk, onuň ýörelgeleri we amaly gurallary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan has giňden ulanylmalydyr. Bitaraplygyň mümkinçilikleri örän uludyr.

Ol diňe birnäçe döwletiň özleri üçin parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we abadançylyk getiren daşary syýasatlarynyň milli nusgasy bolman, eýsem ýüze çykýan düşünişmezlikleri gepleşikler stolunyň başynda parahatçylykly ýollar arkaly çözmek üçin meýdança bolup hyzmat edýär.

Şirin GUWANJOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy

Leave a Reply

Your email address will not be published.

photo 2025 03 22 09 53 49 2 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbeýjan stendi bilen tanyşdy

i 43 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Merkezi hem-de Günorta Aziýany birleşdirjek täze ulag geçelgelerini döretmek

Soňkylar Makalalar

«Hakyda göwheri» – doganlyk halklaryň mirasynda

27.12.2025
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy we

Hemişelik Bitaraplyk – biziň buýsanjymyz!

27.12.2025
Taryhy geçmişimizde ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz bu günki günde bütin dünýäde parahatçylyk söýüjiligiň nusgasy bolup çykyş edýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan

Täze ýyl – nurana arzuwlaryň baýramy

27.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy

Bitaraplyk – dünýä gymmatlygy

26.12.2025
Kerwen gurap gelýän ýyllaryň her biri täze ýeňişlere, üstünliklere beslenýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2025-nji ýyl ornuny ajaýyp zamanamyzyň täze ýylyna — 2026-njy
GitTop