Dark
Light
25.01.2026
axols9owrojjtqxdjswtkd7qo244zg0qgwlho9k2 scaled THE ASHGABAT TIMES

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri bilen duşuşdy

28.03.2025

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri hanym Akmaral Alnazarowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

O.Atabaýewa giň möçberli halkara çärä gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin türkmen tarapynyň adyndan hoşallyk bildirip, dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösdürilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe mähirli salamyny beýan etdi. Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri, öz gezeginde, halkara foruma gatnaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallygyny beýan edip, bu maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sebitde we dünýäde ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetine üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän hem-de bilim alýan çagalaryň saglygyny bejermek, olar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilen maliýe serişdelerini bölüp bermek yzygiderli häsiýete eýe boldy. Dünýäniň birnäçe döwletlerine ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi bu düzümiň ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge-de möhüm goşant goşýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Myhman gaznanyň işine ýokary baha berip, bu işleriň Türkmenistanda çagalaryň sazlaşykly we sagdyn ösmegine aýratyn üns berilýändiginiň anyk görkezijisi bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri hanym Akmaral Alnazarowa saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.

6296f15b3dc4c792378103 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Häzirki zaman dünýäsinde durnukly ösüşe ýetmek

uy0oxcjbyxs6aoguanjilbrtzys2uhza03aopqsj THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti HHR-iň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Soňkylar Habar

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly dowam edýär

22.01.2026
20-nji ýanwarda «Aşgabat» kinoteatrynda badalga alan hindi filmleriniň festiwaly Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de dostlukly döwletiň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guralýar.

Aýurweda okuw otagy açyldy

22.01.2026
21-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça
GitTop