Dark
Light
24.01.2026
6048424a58d3b043731126 THE ASHGABAT TIMES

Hemişelik Bitaraplyk halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň ygtybarly kepilidir

24.03.2025

Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolup galýar. Bitaraplyk milli bähbitleri amala aşyrmagyň has kabul ederlikli nusgasy bolmak bilen, ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, medeni ýörelgelerine laýyk gelip, dünýä giňişliginde, şeýle hem içerki ösüşde Türkmenistanyň üstünlikleriniň inkär edip bolmajak we möhüm şertleriniň biri bolup durýar.

Bitaraplyk durnuklylygyň, durmuş adalatlylygynyň we ösüşiň sinonimi hökmünde ýurdumyzyň raýatlarynyň aňyna berk ornaşdy. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa Bitaraplyk birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň nyşany hökmünde çykyş edýär.

Şeýle hem, ýaňy ýakynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty geçirildi.

Maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden onlarça myhmanlar Aşgabat şäherine geldiler.  Maslahata Hökümet agzalary, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň we maliýe guramalarynyň wekilleri, Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar, Aziýa-Ýuwaş umman sebiti, Ýewropa ýurtlarynyň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata gatnaşyjylara iberen gutlag haty uly üns bilen diňlenildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda öňe sürýän başlangyçlary ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Bu forum hem halkara ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, döwletara, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.

Watanymyzy ösdürmekde, onuň  bähbitlerini üpjün etmekde, abraýyny ýokarlandyrmakda, türkmen halkyna bagtyýar durmuşy döredip bermek ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly we ynsanperwer syýasatyny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Enegözel HOJAMOWA
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Gulak, burun we bokurdak keselleri kafedrasynyň assistenti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we durnukly ösüşiň binýady

i 38 THE ASHGABAT TIMES
Next Story

Parahatçylyk we ynanyşmak baky synmaz bagtymyz

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop

Don't Miss