Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň — Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli işler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we olaryň görnüşlerini artdyrmaga, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistany senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet strategiýasynda içerki bazary ýerli çig malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselesine uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, täze kärhanalary gurmaga, hereket edýän önümçilikleriň kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär.
Geçen ýyl Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň her biri ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply ikinji tapgyrlarynyň işe girizilmegi bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga gönüden-göni ýardam edýär. Şeýle önümlere ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.
…Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda täze, döwrebap önümçiligiň ýanyndaky meýdança geldi we bu ýerden dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik wekilleri bar.
Hemmeler uly ruhubelentlik bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mähirli mübärekleýärler. Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy. Döwlet Baştutanymyz dabaraly çäre üçin ýörite taýýarlanylan mejlisler jaýyna barýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde çykyş edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda bina edilen Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylary bu döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar, kuwwatly senagat kärhanalary, täze obalar, şäherler gurulýar. Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär.
Garaşsyz Diýarymyzda amala aşyrylýan bu ägirt uly gurluşyklar mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Gurlup ulanmaga berilýän binalardyr desgalar milli ykdysadyýetimizi yzygiderli ösdürmäge, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, sebitleri sazlaşykly ösdürmäge ýardam edýär.
Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär. Biz mundan beýläk hem kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmegi dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda gurluşyk we senagat toplumynda uly işleriň amala aşyrylýandygyny aýratyn belledi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obalaryň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Şu ýyl Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän goşmaça desga hem ulanmaga berler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny sazlaşykly ösdürmäge, kärhanalarda öndürilýän gurluşyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, döwletimiziň gurluşyk senagatyny ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdelerini netijeli özleşdirmäge we kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.
Ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanmak bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu gün dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýän Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň hem bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady.
Döwrebap kärhananyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Eziz doganlar» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Täze kärhana ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün eder. Kuwwatlylygy bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen kärhanada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna, täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berer.
Döwlet Baştutanymyz kärhananyň birnäçe binadyr desgadan ybarat bolup, bu ýerde 460-a golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik, durmuş şertleriniň döredilendigini belläp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň senagatçylarynyň geljekde hem ýurdumyzy ösen döwlete öwürmekde tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary hem-de senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ähli işgärlerini, şeýle-de Ahal welaýatynyň ilatyny bu möhüm desganyň işe girizilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra bu ýerde ýerleşdirilen ekranda Bäherden keramiki önümler kärhanasy bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.
Soňra Italiýa Respublikasynyň “SACMI Imola Societa Cooperativa” kompaniýasynyň wekili Mikele Pulpito söz berildi.
Kompaniýanyň wekili Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen hormatly Prezidentimizi we ýygnananlary tüýs ýürekden gutlap, bu zawodyň Türkmenistanda şeýle önümleri öndürýän ilkinji, dünýäde bolsa iň iri we döwrebap kärhanalaryň biri bolup durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, kärhana ýylda 3 million 300 müň inedördül metr bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenendir.
Myhman pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň bähbidine durmuşa geçirýän giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine “SACMI Imola Societa Cooperativa” kompaniýasynyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan desga bolup, ähli inženerçilik işleriniň we kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan enjamlaryň Ýewropada hereket edýän, halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy, şeýle hem Italiýanyň «Associazione Costruttori Italiani Macchine Attrezzature per Ceramica» kompaniýasynyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desga bolup, kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw, saglyk we howpsuzlyk taýdan halkara güwänamalaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesdi. Şol pursatda asmana dürli reňkdäki howa şarlary uçuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz kärhananyň çäginde gurlan sergi binasyna bardy we keramiki bezeg plitalarynyň, sanfaýans önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde senagat we gurluşyk toplumyna möhüm orun degişlidir. Tutuş ýurdumyzy gurşap alan giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan talabyň artmagyny şertlendirip, ýerli çig mallaryň esasynda bu serişdeleriň önümçilikleriniň çalt depginde ösmegine täze itergi berýär. Bu täze kärhanada öndürilýän häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleriniň dürli görnüşleri gurluşyk önümçiligi pudagyny döwrebaplaşdyrmak, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň täze önümçiliklerini döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Sergi binasynda kärhananyň hünärmeni hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen şu gün açylyp ulanmaga berilýän Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ýurdumyzda giň gerim bilen alnyp barylýan gurluşyklary, ilatymyzy gurluşyk önümleri bilen üpjün etmäge amatly şertleri döretjekdigini aýdyp, şeýle döwrebap kärhanada işlemäge döreden giň mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we onuň işine ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmäni basyp, iri senagat desgasyny işe girizýär. Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň öz işine başlamagy we önümçiligiň çylşyrymly tehnologik prosesi wideoşekillerde görkezilýär.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyza senagat we gurluşyk toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kärhananyň barlaghana otagyna bardy. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyzy döredilen şertler bilen tanyşdyrdy.
Bellenilişi ýaly, täze önümçilik desgasynda Italiýanyň «SAСMI» kompaniýasynyň iň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylyp, önümçilik amallary awtomatik usulda amala aşyrylýar. Bu ýerde keramiki önümleriň dürli görnüşleri taýýarlanylyp, barlaghanada olaryň fiziki we himiki düzümi, şol sanda agramy, çyglylygy, suw siňdirijiligi, berkligi, syrçalama barlaglary «SAСMI» kompaniýasynyň ýokary tehnologik enjamlary arkaly ýerine ýetirilýär. Şeýle hem önüme goşulýan goşundylaryň mukdary kesgitlenilýär.
Hünärmen ýurdumyzyň ýaşlaryna döwrebap kärhanada zähmet çekmäge döreden şertleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz hünärmene işinde üstünlikleri arzuw edip, keramiki-bezeg plitalaryny öndürýän önümhana bardy we bu ýerde önümçiligiň tehnologik prosesi bilen tanyşdy.
Keramiki bezeg plitalarynyň önümçiligi çig malyň ýörite kabul ediji bölümlere gelip gowuşmagyndan başlanýar. Bu ýerde çig mal owradyjy enjamda 50 millimetr ululykda owradylýar, şeýle hem öndüriljek önümiň tehniki talabyna laýyklykda, onuň düzümi dozatorlaryň kömegi bilen sazlanylýar. Soňra alnan garyndy has-da maýdalanylmagy we düzümine suw garylmagy üçin “boll mill” tehnologiýasy bilen işleýän degirmene gelip düşýär. Bu degirmende tozan görnüşindäki çig mal suw bilen garylyp, şliker ýagdaýyna getirilýär hem-de alyşmagy üçin ýörite ýerasty howuzlara geçirilýär. Ýerasty howuzlardan garyndy (şliker) atomizator enjamyna geçirilýär we gyzgynlyk bilen düzümindäki çyglylyk aýrylyp, gury tozan ýagdaýyna getirilip, ýörite konweýerler arkaly 16 sany ätiýaçlyk ammaryna ýygnalýar hem-de üznüksiz ýagdaýda önümçilik tapgyryna ugradylýar.
Önümçiligiň ikinji basgançagynda taýyn garyndy ýörite konweýerler arkaly presleme bölümine geçirilýär. Konweýerler arkaly gelen garyndy presiň galybyna deň derejeli paýlaýan bölüme birigýär. Pres galyplary dolandan soňra, ýokary basyşly gidrawlik pres bilen her inedördül santimetre 340-dan 500 kilograma çenli agyrlyk bilen basylýar. Soňra plitalaryň düzüminden çygy aýyrmak üçin önümler 5 gatly gorizontal guradyjy enjama geçirilýär. Zawodyň tehnology tarapyndan gyzgynlyk derejesi sazlanan guradyjy ulgama girizilenden soňra, guratma işi doly awtomatik usulda amala aşyrylýar. Guradyjydan çykan plitalar syrçalama tapgyryna geçirilýär. Bu bölümde plitalaryň ýüzüne yzygiderlilikde angob sepilip, syrça çaýylýar. Munuň özi önümleriň berk hem suwa çydamly bolmagyny üpjün edýär. Soňra plitalar printer arkaly bildirilen talaba we islege laýyklykda bezelýär.
Bu amallardan soňra plitalaryň berkligini uzak wagtlap saklamagy üçin olaryň ýüzi gaýtadan syrçalanylyp, guradyjy peçde 1 müň 230oС derejede bişirilýär. Peçden çykan önümler ýalpyldatmak üçin awtomatik usulda rektifikasiýa tapgyryna geçýär. Bu tapgyrda plitalaryň gyrasy kesilip, ýylmanýar hem-de birmeňzeş ölçege getirilýär. Rektifikasiýadan çykan ähli önümler awtomatik usulda işleýän robot daşaýjylar bilen desganyň içindäki wagtlaýyn saklama bölümlerine toplanylýar. Bu bölümlerdäki önümler robot daşaýjylar bilen ýalpyldatma bölümine geçirilýär. Ýalpyldatma tapgyrynda plitalaryň üstündäki önümçilik tozanlarydyr gyryndylar aýrylýar.
Estetiki amallar tamamlanandan soňra, önümler gaplama bölümine ugradylýar. Önümiň hilini kepillendirmek üçin taýyn önümler sanly tehnologiýalar bilen doly barlagdan geçirilýär. Önümiň hili ýörite hünärmen tarapyndan tassyklanylýar. Her bir plita baradaky maglumatlar tertiplenilip, soňra plitalar gutulara gaplanýar. Gutularda hem önümiň hili, kalibr, şekil aýratynlyklary bilen bagly maglumatlar bellenilýär. Önümçilik desgasynyň ähli bölümlerinde robotlaşdyrylan daşaýjylaryň, awtomatik konweýerleriň ulanylmagy bu desganyň iň täze “Senagat 4.0” çemeleşmesi esasynda gurlandygyna şaýatlyk edýär. Munuň özi önümçilige maglumat, emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylandygyny we önümçilik amallarynyň awtomatlaşdyrylandygyny aňladýar.
Hormatly Prezidentimiz keramiki bezeg plitalaryny öndürýän önümhanada işleýän hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlardygyny belläp, olaryň ýokary tehnologik enjamlara ussatlyk bilen erk etmeginiň ýurdumyzda innowasion tehnologiýaly önümçiligi ýola goýmak wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanfaýans önümleri önümhanasyna bardy we bu ýerde önümçilik bilen tanyşdy.
Sanfaýans önümleri ak toýun, kaolin, feldşpat, kwars çig mallaryndan öndürilýär. Ýapyk ammara ýygnalan çig mal ýörite bölümlere kabul edilýär. Soňra çig mal konweýerler arkaly degirmene geçirilýär. Degirmende garylyp, üwelip, şliker ýagdaýyna getirilen çig mal, yzygiderlilikde ýerasty howuzlara ugradylýar. Taýýar bolan şliker, turbageçirijiler arkaly adaty we mehaniki guýma enjamlaryna iberilýär. Adaty guýma enjamlarynda gips galyplar ulanylýar. Gips galyplara basyş arkaly şliker doldurylandan soňra, sanfaýans önüminiň şekili emele getirilýär. Bu önümler degişli amallardan geçirilip, ýörite bölüme daşalýar. Sanfaýans önümleriniň önümçiliginde adaty guýma bilen bir hatarda, mehaniki guýma enjamy hem göz öňünde tutulandyr. Mehaniki enjamda şliker önümçilik galyplaryna uly basyş bilen berilýär. Bu usul has uly mukdarda öndürilýän önümleri şekile getirmek üçin niýetlenendir.
Soňra önümler guradyjy enjamlarda awtomatik usulda guradylýar. Guradyjydan çykan önümlere hünärmenler tarapyndan arassaçylyk işleri we barlaglar geçirilýär. Barlagdan geçirilen önümler syrçalamaga taýýarlanylýar. Taýýar önümler estetik owadanlygyny, suwa çydamlylygyny, gigiýeniki häsiýetlerini ýokarlandyrmak üçin syrçalanmaga başlanýar. Syrçalama her önümiň görnüşine görä amala aşyrylýar. Syrçalanan önümler ýörite meýdanda peç arabalaryna düzülýär. Dolan arabalar peje ýerleşdirilenden soňra, 1 müň 200°C derejä çenli gyzdyrylýar. Bu peç syrçany taplap, önümi guradýar. Taýýar önümleriň peçde dogry şertlerde saklanmagy önümleriň owadanlygyny we daşky täsirlere çydamly bolmagyny üpjün edýär. Peçden çykan önümler hil barlagyndan geçirilip, bildirilýän talaplara görä gaplanylýar.
Döwlet Baştutanymyz sanfaýans önümleri önümhanasyndan çykyp, Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.
Kärhananyň ýolbaşçysy döwrebap önümçilik desgasyny gurduryp berendigi hem-de Şa serpaýy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza kärhananyň işgärleriniň adyndan çäksiz hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçar meýdançasyna bardy we bu ýerden Aşgabada ugrady.
Robotlaşdyrylan hem-de awtomatlaşdyrylan innowasion tehnologiýalar, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen, 30 gektar meýdanda ýerleşýän bu döwrebap önümçilik kärhanasynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklary türkmen topragynyň baý çig mal binýadynda ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen şu günki açylyş dabarasy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň okgunly ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.