Mukaddes Remezan aýynyň hormatyna Müsüriň paýtagty Kairde giň gerimli baýramçylyk çäreleri gurnaldy. Bu çäreler üçin El-Matariýa etrabynyň 20 köçesine uzaýan baýramçylyk saçagy taýýarlanyldy.
Bu däp El-Matariya etrabynda 13 ýyl mundan ozal başlanypdyr. Meýdançalarda gün ýaşandan soň, iýilýän iýmitler — iftar üçin taýýarlanýar.
Köçelerde giňden ýaýran baýramçylyk ruhy höküm sürdi. Adamlar birek-biregi gutladylar, aýdym-saz ýaňlandy. Daşary ýurtly myhmanlary hem mähirli garşy aldylar we iftar tagamlaryndan dadyp görmäge çagyryldy. Ähli tagamlar ýerli ýaşaýjylar tarapyndan taýýarlanyldy.
Baýramçylyk çärelerine takmynan 50 müňe golaý adam gatnaşdy.