Dark
Light
24.01.2026
beyin kanamasi 73603 b 1 THE ASHGABAT TIMES

Kelle Beýniniň Çiş Keselleri

12.03.2025

Kelle beýnisiniň çiş keselleri beýni dokumalaryndan, nerw öýjüklerinden ýa-da beýni örtüklerinden döräp bilýän täze döremelerdir. Olar oňyn we ýaman häsiýetli bolup biler. Oňyn çişler haýallyk bilen ösüp, ýakyndaky dokumalara zyýan ýetirip bilmez, ýöne olar hem beýniniň basyşyny artdyryp, alamatlara sebäp bolup biler. Ýaman çişler bolsa tiz ösýär, dokumalara aralaşýar we beýni funksiýalaryna uly zyýan ýetirýär.

Keseliň alamatlary çişiň ýerleşýän ýerine baglylykda üýtgäp biler, ýöne köplenç kelle agyry, iç geçme, kelle-beyni nerwleriniň bozulmagy, görme ýetmezçiligi, myşsa gowşaklygy, aýak-ellere duýujylygyň peselmegi, pikirlenme we ýatkeşlik bozuklyklary bilen ýüze çykýar.

Bejergi operasiýa, şöhle terapiýasy, himiýa terapiýasy we immunoterapiýa ýaly usullary öz içine alýar. Çişiň irki anyklanmagy bejerginiň üstünlikli bolmak ähtimallygyny ýokarlandyrýar.

Habyp HALYLOW
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa
kafedrasynyň assistenti

Leave a Reply

Your email address will not be published.

unnamed 2 1 THE ASHGABAT TIMES
Öňki taryh

Bil Onurganyň Miyelopatiýasy

tqrejbg8yz2wc9cg5y4lru5l9wn6t85s THE ASHGABAT TIMES
Next Story

 Diabetiki Polineýropatiýa

Soňkylar Makalalar

Bilelikde durnukly ykdysady ösüşe tarap!

23.01.2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam

Okatmagyň kämilleşdirilmegi üns merkezinde

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň körpe nesliniň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalar mekdebe çenli çagalar edaralarynda iş ýüzünde amal edilýär.

Ýylyň şygary – ýaşlaryň buýsanjy

22.01.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ösüş-özgerişlere beslenýän aý-günler, halkymyzyň çüwen bagty bolup gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen
GitTop